05.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň Şäherleri Sazlaşyklylygy we Owadanlygy Bilen Tapawutlanýar

Türkmenistanyň Şäherleri Sazlaşyklylygy we Owadanlygy Bilen Tapawutlanýar

Häzirki zaman şäher gurluşyk ýörelgesi sazlaşykly durmuş gurşawyny göz öňünde tutýar, ol oňaýlylygy, innowasiýalary, ekologiýa taýdan arassalygy öz içine alýar. Ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy bilen bir wagtda olaryň ýanynda durmuş we medeni-dynç alyş infrastrukturasy hem döredilýär, seýilgäh zolaklary kemala getirilýär, landşaft bezegleri binalalryň sazlaşygyna görk goşýar.

Milli özgertmeler maksatnamasyna laýyklykda özboluşly edara we jemgyýetçilik-medeni ähmiýetli binalar, döwrebap ýaşaýyş jaý toplumlary, şeýle hem ýol-ulag infrastrukturasynyň binalary bilen owadanlaşýan Daşoguzda şäheriň özboluşlylygyna aýratyn görk berýän landşaft bezegine-de uly üns berilýär. Täze bag-seýilgäh zolaklarynyň döredilmegi bilen ozal bar bolanlarynyň durky täzelenýär.

Tiz wagtda Andalyp köçesiniň ugrunda ýerleşýän seýilgäh täze görke girer. Bu ýerde täze gök zolaklar dörediler, pyýadalar üçin ýodalar düşeler, owadan oturgyçlardyr üýtgeşik çyralar oturdylar, ozalky çüwdürimiň durky täzelener we gijelerine çyralar ýanýan üýtgeşik çüwdürim gurlar.

Ýaşaýyş jaý gurluşygyna toplumlaýyn çemeleşme jaýlaryň gapdalynda çagalar üçin zerur enjamlar bilen üpjün edilen oýunlar we sport zolaklarynyň bolmagyny göz öňünde tutýar. Şeýle binalar ozalky ýaşaýyş jaý toplumlarynda-da bina edilýär.“Merkez-1“ etrapçasynda çagalar üçin ýene bir döwrebap oýunlar meýdançasy guruldy, häzirki wagtda „Merkez-2“ etrapçasynda abadanlaşdyryş işleri alnyp barylýar.

Daşoguz ýylsaýyn bagy-bossana bürelýär. Diňe şu ýylyň özünde agaç nahallarynyň 870-si oturdyldy, dürli güller we gyrymsy agaçlar şäheriň şaýollarynyň arasyndaky zolaklara bezeg berdi, şäheriň görküne görk goşýan bezeg zolaklary barha köpelýär.

Degişli makalalar

Türkmen Alymlarynyň Işläp Taýýarlanlary Uglewodorod Çig Malynyň Alnyşynyň Netijeliligini Ýokarlandyrýar

Türkmenistanda Ispaniýanyň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi Işe Başlady

turkmenhabargullugy

Täze Dostluk Howa Ýollary

turkmenhabargullugy