24.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Suw Hojalygy Ulgamynyň Tapawutlanan Işgärlerine Döwlet Baştutanynyň Adyndan Sowgatlar Gowşuryldy

Suw Hojalygy Ulgamynyň Tapawutlanan Işgärlerine Döwlet Baştutanynyň Adyndan Sowgatlar Gowşuryldy

Apreliň birinji ýekşenbesinde bellenilýän „Suw damjasy-altyn dänesi“ baýramynyň öň ýanynda Aşgabatda suw hojalygy pudagynyň tapawutlanan işgärlerine dabaraly ýagdaýda sylaglar gowşuryldy. Çäräni Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkezi Türkmenistanyň Oba we suw hojalygy ministrligi bilen bilelikde gurnady.

Ýurdumyzyň sebitleriniň ählisinden ýerli suw hojalygy pudagynyň sazlaşykly işini üpjün edýän dürli kärdäki adamlaryň onusy sylaglara mynasyp boldylar. Olara Türkmenistanyň baştutanynyň adyndan gymmatly sowgatlar we Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň Hormat hatlary gowşuryldy.

„Aşgabatsuwgurluşyk“ Önümçilik müdirýetiniň ekskawatorçysy Annanazar Eýeberdiýew „Altyn Asyr“ Türkmen kölüniň gurluşygynda zähmet çekýär. Onuň zähmet ýoluna başlanyna kyrk ýyla golaý wagt geçipdir, indi ýigrimi ýyldan agarak döwür bärem suw hojalygynda işläp gelýär. Öňde baryjylaryň iň ýaşy Allamyrat Esenmämmedow Köpetdag suw howdanynda suwuň derejesine gözegçilik boýunça esasy hünärmeni bolup işleýär.

„Garagumsuwhojalyk“ 5-nji müdirýetiniň baş gidrology Çaryýar Akmämmedow Mary welaýatynyň Oguzhan etrabyndaky Hanhowuz suw howdanynda suwuň derejesini barlaýar, Murgap jülgesiniň etraplarynyň birnäçesine berilýän suwaryş suwlarynyň ýagdaýyna gözegçilik edýär. „Ahalsuwgurluşyk“ Önümçilik kärhanasynyň ýokary derejeli buldozerçisi Öremuhammet Sytdyhow Ahal suw ulgamynyň bölümleriniň birinde topragyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak ugrunda zähmet çekýär. Ol indi 27 ýyl bäri işläp gelýär.

Duşuşyga alymlar we agrosenagat toplumynyň işgärleri, TOHU-nyň mugallymlary gatnaşdylar. Türkmen döwlet „Türkmenylymsuwtaslama“ suw hojalygy ylmy-önümçilik we taslama institutynyň wekili Gurban Hommadow ýurdumyzda gidrotehnika ylmyny ösdürmäge, suwaryşa we suwaryş ulgamlaryny goramaga öňde baryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, suwaryş suwundan rejeli peýdalnmaga uly üns berilýändigini belledi. Munuň özi täze ýerleri özleşdirmekde ýa-da zaýalanan ýerleri täzeden ekin dolanşygyna girizmekde, täze agrar önümçilikleri ýola goýmakda zerurdyr çäredir.

Degişli makalalar

Ýerewanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Boýunça Hökümetara Türkmen-Ermeni Toparynyň 8-nji Mejlisi we Syýasy Geňeşmeleri Geçirildi

Turkmenistan Fotosuratlary 7

turkmenhabargullugy

Prezidentimiz Türkiýäniň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisini Kabul Etdi

syrach