27.9 C
Aşkabat
16.06.2025
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Tagamy Taýsyz Gawunlar

Gawun-bereketli türkmen topragynyň behişdi nygmatlarynyň biri. Şonuň üçin-de tagamyna taý tapylmajak bu ajaýyp şirin-şeker nygmat halkymyzyň milli baýlygy, halal mirasy we bakjasynyň bezegi, buýsanjy hasaplanylýar. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly: «Türkmen gawuny halkymyzyň rysgal çeşmesiniň dury bulagydyr, tagamyna taý tapylmajak nygmatydyr».
Ýurdumyzda gawunyň köp görnüşiniň ösdürilip ýetişdirilýändigi mälim. Olaryň bişýän wagtlary we görnüşleri biri-birinden tapawutlanýar. Kyrkgünlük, zamça ýaly irbişer gawunlar maý aýynyň ahyrlarynda ýetişýär. Soňra waharman, gyzyl injir, akmaral, gürbek ýaly aralyk gawunlar bazarlarymyza dolýar. Garrygyz, gülaby ýaly giç ýetişýän, uzak wagta durumly gawunlar bolsa gyş aýlarynda hem özüniň durkuny saklaýar.
Gawun käselenip köpçülik bolup iýilýär, dilimläp ýekelikde, gyrgyç bilen gyryp bolsa çagalara we garrylara hödür edilýär. Gyrgyçlanan gawunyň suwuny içmegiň öz lezzeti bar. Gawunyň yrýa zady ýok. Onuň çigidi-paçagy mallar üçin ýokumly iýmlikdir.
Halk arasynda bu behişdi nygmaty ýetişdirmek bilen bagly baý tejribeler, gyzykly wakalar hem-de rowaýatlar bar. Bu barada bakjaçylaryň berýän gürrüňleri has-da täsirli.

Gawun künjüli bolanda
Joýalarynyň arasyna künji ekseň, gawun ter hem süýji bolýar. Bu gadymyýetden gelýän ýörelge. Onsoňam, bakjanyň içi künjüli bolsa biýaralara şire düşenok, gawunlar ternelände kekene hem degenok. Oňa epgek hem kär edip bilenok. Künjüli bakjada ýetişen gawunyň tagamy-da üýtgeşik bolýar.

Babadaýhanyň paýy
Köpügören gojalarymyzyň we tejribeli bakjaçylarymyzyň aýtmaklaryna görä, halkymyzda gawun bilen baglanyşykly ajaýyp däpler hem bar. Bakjaçy ata-babalarymyzdan miras galan däpleriň biri-de halkymyzda ekiniň piri hasaplanýan Babadaýhana bakjadan paý bermek däbidir.
Ýerden bakja önümleriniň bol-bereketli hasylyny ösdürip ýetişdiren daýhan dokuz gawundan üç gezek ýolup, ýigrimi ýedi gawuny ekiniň deňinden geçenlere, obadaşlaryna hödür-kerem etmeli. Şol gawunlar hem ekiniň piri Babadaýhanyňky hasaplanypdyr. Özem hödür-kerem eden mahaly ekin eýesi «Babadaýhan gawunyny, paýyny iýmäge geliň how!» diýip, çakylyk edipdir.

Goşa gawun çekmek
Bakjasyndan goşa gawun ýa-da atlandyrylyşy ýaly, «Hydyr gören gawun» çykan bakja eýesi onuň üstüne ýene-de on gawun goşup, obadaşlarynyň birine eltip beripdir. Oňa «goşa gawun çekmek» diýlipdir. Ol goşa gawuny çeken adam dowar soýup, Babadaýhanyň hatyrasyna goňşy-golamlaryny nahara çagyrypdyr. Goşa gawun iýilmändir. Ony ýüpden asyp goýupdyrlar. Goşa gawun şol maşgalanyň döwletliligini, rysgallylygyny alamatlandyrypdyr.

Paçagynda guradylsa gowy
Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň 7-njy orta mekdebiniň mugallymy, žurnalist, mirasgär Annamyrat Berdimyradow bilen «Türkmeniň ýüpek ýoly» gazetiniň redaksiýasynda birnäçe ýyl bile işleşmek nesip etdi. Köpügören ýaşuly geçen zähmet ýolunda bile işleşen adamlary, şeýle-de gören-eşidenleri barada gyzykly gürrüňleri aýdyp bererdi.
Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň Ahal welaýatynyň gündogar sebiti — bakja ekinlerine baý künjek. Tejen, Sarahs etraplary bakja ekini bolan gawun-garpyzyň bereketli mekany hasaplanýar. Bu künjekde gawunlaryň dürli görnüşi ekilýär. Annamyrat aga ýurdumyzyň meşhur bakjaçylaryň biri, Sarahs etrabynyň Gaňňaly obasynda ýaşan, Türkmenistanyň at gazanan oba hojalyk işgäri, Durdy Nepes barada şeýle gürrüň beripdi:
— Bakjaçy Durdy Nepes ýaşan ýyllary gawunlaryň 100-e golaý görnüşini ekerdi. Bakja ýetişen döwri barsaň, gawunly atyzlaryna-da aýlardy.
Biýaralaryň içinde biri-biri bilen birleşip ýatan gawunlardan gözüňi aýryp bolmazdy. Her saparam Durdy aga: «Hakyky bakjaçy üçin gawunlaryň dürli görnüşleriniň gowy tohumy elýeteriňde bolmaly — diýerdi. — Dürli görnüşli gawunlaryň tohumyny özüm-ä bakjanyň üstünde taýýarlaýaryn. Haýsy gawun bolanda-da, gowy bişensoň, onuň çigidini şol gawunyň öz paçagynda guratmaly. Şeýdip alnan tohumy ýeneki ýyl ekseň, ol gawunlar aşa süýji bolýar. Tohum haltajygyň içine-de haýsy gawunyňkydygyny biler ýaly, şol gawunyň paçagyndan bir bölejigini atýaryn. Ir döwürlerde pederlerimiz gawunyň eti ýumşak bolsun diýip, onuň tohumlyk çigidini süýde ezip hem ekipdirler». Durdy aganyň şol aýdanlary häzir-häzirlerem gulagymda ýaňlanyp dur — diýip gürrüň berdi.

«Saryja mazym»
Mähriban enelerimiz çagalarydyr agtyklaryny goltuklaryna alyp, söýüp-söýgülänlerinde şu setirleri guwanç bilen aýdýarlar. Çaga wagtymyz enelerimizden eşiden bu sözlerimiziň gawun bilen baglydygyna soň-soňlar düşündik. Kiçijik, naşyja, diýseň owadan bu gawunyň türkmende dessemmazy, dessemmaýa, dessembil, sary mazy, ysly mazy, oýunjak mazy diýilýän atlary-da bar eken. Bu barada Tejen etrabynyň Altyn asyr şäheriniň «Gök bakja» daýhan birleşiginden Mekan Gaýgysyzow:
— Bakjaçylykda adygan ýaşulularyň biri: «Bakjada çaganyňam, ulularyňam, garrylaryňam paýy bolmaly» diýerdi. Ýaşy bir çene baran adamlar paýendeki, zamça ýaly gawunlary gowy görse, uly adamlar waharmany, göktorlyny gowy görýärler. Çagalaryň iň gowy görýäni sary mazy, ýagny dessemmaýa bilen kyrkgünlik. Dessemmaýany eline alan adam ony ýerde goýasy gelmez. Ysy-da diýseň ýakymlydyr. Ir döwürler ak öýlerde ýaşan ata-babalarymyz dessemmaýajyklaryň paçagyny eşik saklanýan çuwallaryň içinde, durmuşa çykjak gyzlar bukjalarynda we eşikleriniň arasynda hem goýupdyrlar. Bu naşyja gawun bilen baglanyşykly setirler hüwdülerde hem mynasyp ornuny tapypdyr — diýip gürrüň berdi .

Garypgaldyran
Bereketli türkmen topragynda gawunlaryň dört ýüzden gowrak görnüşi bar. Şolaryň ata-babalarymyzdan miras galan gadymy görnüşleriniň biri-de «Garypgaldyran» atly gawundyr. Bu barada Tejen etrabynyň «Waharman» daýhan birleşiginiň tejribeli bakjaçysy Merdan Çaryýew şeýle gürrüň berdi:
— Bu gawun ir döwürler halkymyzyň hem çöregi, hem höregi bolupdyr. Şol döwürler ol gün-güzerany pesräk adamlaryň diňe maşgalasynyň iýmegi üçin däl-de, eýsem, olaryň söwda-satyk, alyş-çalyş etmegine hem ýarapdyr. Bu gawun beýlekilerden hasylly, özem ir bişýär. Şonuň üçin-de, daýhan pederlerimiz bu gawuna «Garypgaldyran» diýip, at beripdirler. Gawunyň bu görnüşini döreden ussada Altybaý çomry diýýändirler. Oňa bäş-alty ýyl iş edinip, şu gawuny döretmek başardypdyr. Ýelden-günden goraglap ýetişdiren gawunyna Altybaý çomrynyň göwni ýetipdir.Terden etlek, beýlekilerden ýarym aý çemesi-de ir ýetişýär, agzyňa degirdigiň hem edil şeker gatançly bal ýaly özem. Onsoň, gün-güzeranyny zordan aýlap ýören Altybaý çomrynyň «Garypgaldyran» bilen agzy aşa ýetiberipdir.

Mizan ternesi
Mizan ternesiniň datly tagamynyň bardygyny, özem ynsan saglygy üçin diýseň tenekardygyny bakjaçylar aýdýarlar. Sentýabr aýynyň 22-23-ne gije bilen gündiz deňleşýär. Şondan soň, gündiz gysgalyp, gije uzap ugraýar. Ýylyň şu döwrüne mizan diýilýär. Mizanda ýerasty suwuň derejesi ýokary galyp, ekin-tikinler täzeden janlanyp başlaýar. Garaz, bakjaçy daýhanlaryň dili bilen aýdanyň-da, «Ekinler çetreýär». Çeträn bakja ekinleri ýaňadan düwmek bilen bolýar. Soňky düwen gawun terneleri mizandan soň, heniz boýy ýetmänkä terneligine bişip ýetişýär. Şeýle ternelere bakjaçy daýhanlarymyz «Mizan ternesi» diýýärler. Ol terneligiň süýjüligi, şeýle-de tenekarlygy nesilden-nesle geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir.

Çeşme: metbugat.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Mejlisi birnäçe kararlary kabul etdi

syrach

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

syrach

Döwlet Köşgünde Bolan Dabara

syrach