04.05.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar

«Talyp Gözeli-2020 » Bäsleşiginiň Ýeňijisi Kesgitlenildi

Aşgabatda Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň we ýurdumyzyň Zenanlar birleşiginiň guramagynda her ýyl geçirilýän «Talyp gözeli» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Iň mylaýym, her tarapdan bilimli we döredijilik zehinli türkmen gözelleriniň jemleýji bäsleşigine Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde geçirilen tapgyryň ýeňijileri gatnaşdylar.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşanlar öz intellektual ukyplaryny we alçaklygyny, türkmen halkynyň medeniýeti we däpleri baradaky düşünjelerini, döredijilik zehinini, şeýle hem aşpezlik ussatlygyny görkezdiler.

Emin agzalarynyň çözgüdi bilen bäsleşigiň Baş baýragyna we «Talyp gözeli-2020» adyna Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby Arzuw Annaberdiýewa mynasyp boldy, 1-nji orun Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Bossan Mürzäýewa, 2-nji orun Jennet Ataýewa (Oba hojalyk uniwersiteti), 3-nji ýer Enegyz Annabaýewa (Ykdysadyýet we dolandyryş instituty) bilen Mähriban Bäşimowa (Telekommunikasiýalar we informatika instituty) berildi.

Degişli makalalar

(TENDER) Eni Turkmenistan Limited Kompaniýasy Bäsleşik Yglan Edýär

turkmenhabargullugy

„Aşgabat 2017“; Yklymyň Sport Taryhynda Täze Sahypa

«Türkmengaz» Döwlet Konserni Bäsleşik Yglan Edýär 15.03.2019-13.05.2019

turkmenhabargullugy