21.2 C
Aşkabat
01.05.2024
DURMUŞ

Taryhy Waka Mynasybetli Täze Numizmatika Şaýy Pullary

Taryhy wakany – Türkmenistanyň “TürkmenÄlem 52o E” ilkinji emeli aragatnaşyk hemrasynyň Älem giňişligine uçurylmagynyň şanyna ýurdumyzyň Merkezi banky her biriniň gymmaty 50 manada deň bolan altyn we kümüş şaýy pullaryny, şeýle hem şu ýadygärlik şaýy pallardan toplumlary taýýarlady. Ýadygärlik şaýy pullaryny Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy – Beýik Britaniýanyň “The Roýal Mint Limitet” zikgehanasy taýýarlady.

Şaýy pullarynyň ikisiniň hem ýüz tarapynyň merkezinde Türkmenistanyň kartasynyň aýdyň sudury görünýän dünýä kartasy şekillendirilipdir. Dünýä kartasynyň aşagynda “TürkmenÄlem 52o E” diýen ýazgy bar. Dünýä kartasynyň ýokarsynda telekommunikasiýa hemrasynyň şekili, şeýle-de hemradan Türkmenistanyň kartasyna tarap çykýan radio tolkunlar şekillendirilipdir. Hemranyň ýokarsynda “MILLI KOSMOS AGENTLIGI” diýen ýazgy bar. Şaýy pullaryň iň ýokarsynda türkmen milli haly gölleri görkezilipdir, Şaýy pullaryň aşaky böleginde zeýtun şahajyklary ýerleşdirilipdir. Şaýy pullar dört we altyburçly ýyldyzlar bilen bezelipdir.

Şaýy pullaryň ikisiniň hem arka tarapynyň merkezinde Türkmenistanyň Döwlet tugrasy güberçekli görnüşde şekillendirilipdir, onuň ýokarsynda ýarym aýlaw boýunça “TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKY” diýen ýazgy ýerleşdirilipdir. “ELLI MANAT” diýen ýazgy şaýy pulunyň nominalyny görkezýär. Bu ýazgynyň çep tarapynda şaýy puluň mähegi (altyn pulunda Au 916,7, kümüş pulunda Ag 925), sag tarapynda agramy (altyn pulunda 39,94 gr., kümüşde 28,28 gr.) görkezilýär. Ýazgylar öz aralarynda sekizburçly şekiller bilen bölünendir. Şaýy pullaryň diametri 38,61 mm.

 Türkmenistanyň Merkezi bankynyň olara goşulýan sertifikaty şaýy pullaryň (pruf) hilini kepllendirýär. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň gymmatly numizmatika toplumynyň we ýubileý şaýy pullarynyň üstüni ýetiren gymmatlyklar ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köpsanly pul ýygnaýjylary üçin ajaýyp sowgat bolar.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Nebiti, Gazy we Mineral Serişdeleri Žurnalynyň Nobatdaky Sany Çap Edildi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Sanly Wideoaragatnaşyk Arkaly Iş Maslahatyny Geçirdi

turkmenhabargullugy

Aşgabatda Halkara Sergi-Ýarmarakasy we Maslahaty Açyldy

syrach