18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Täsin Bagyň Bagbany

Daşoguz welaýatynyň çäklerinde dürli görnüşli, ozal bu ýerde ekilmeýän, täsin agaçlary ýetişdirýän bagbanlar köp gabat gelýär. Olaryň biri-de S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň «Şatlyk» daýhan birleşiginiň Täze bazar obasynda ýaşaýan Bazarbaý Döwletowdyr. Bazarbaý aga indi ençeme ýyllardan bäri öz bagynda gara burç agaçlaryny ösdürip ýetişdirýär. Häzirki wagtda bu ýerde şeýle agaçlaryň onlarça düýbi ösüp otyr. Biziň töwereklerimizde gabat gelýän alma, alça, şetdaly ýaly belent başly gara burç agaçlary bu ýere gelen adamyň ünsüni özlerine çekýär. Bu täsin agajyň esasy aýratynlygy, onuň miwesiniň köp wagt geçse-de, şahalaryndan tä ýygnalyp alynýança gaçman durýanlygydyr hem-de örän ýakymly, özboluşly ysynyň barlygydyr. Bazarbaý aga geljekde bu agaçlaryň düýp sanyny has artdyrmagy, isleg bildiren adamlara yzygiderli hödürlemegi niýet edinýär.

Çeşme: http://metbugat.gov.tm/

Degişli makalalar

Daşary Ýurt Metbugatynda Türkmenistanyň Üstünlikleri we Geljegi

turkmenhabargullugy

„Ýaşulularyň Halkara güni“

syrach

Mirasa Sarpa Goýmak, Watany Özgertmek Ýylynda Bedewleriň Sarpasy Belent Tutulýar