19.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Daşary Ýurt Metbugatynda Türkmenistanyň Üstünlikleri we Geljegi

Daşary Ýurt Metbugatynda Türkmenistanyň Üstünlikleri we Geljegi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanylan “Atavatan Türkmenistan” diýen halkara žurnalynyň ýörite sany çapdan çykdy.

Neşiriň giriş makalasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli we ylmy taýdan esaslandyrylan syýasatynyň netijesinde halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanýandygy, sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalaryň ýerine ýetirilýändigi, ýurdumyzyň dünýä derejesinde abraýynyň yzygiderli artýandygy bellenilýär. Türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edilen şu ýylyň ähmiýetli wakalary iň alyslardaky künjeklere çenli bütin türkmen topragyny gurşap alan özgertmeleriň deňsiz-taýsyz geriminiň aýdyň subutnamasy bolup hyzmat edýär.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuş-ykdysady ösüşde ýeten belent sepgitleri bütin dünýäni haýran galdyrýar. “Atavatan Türkmenistan” žurnaly giň halkara jemgyýetçiligine ýurdumyzyň dürli ulgamlarda gazanan üstünlikleri barada habar bermegi, türkmen halkynyň bahasyz ruhy mirasyny wagyz etmegi özüniň möhüm wezipeleriniň biri hasaplaýar.

Aşgabatda geçiriljek Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahaty bilen baglylykda makalalaryň ençemesi häzirki zaman ulag-üstaşyr logistika düzümini hem-de aragatnaşyk we telearagatnaşyk ulgamyny kemala getirmek boýunça Türkmenistanyň alyp barýan anyk işlerine bagyşlanypdyr.

Mysal üçin, neşiriň ilkinji sahypalarynda Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) prezidenti Kristian Labrotyň netijeli ikitaraplaýyn özara hereketleriň esasy tapgyrlary baradaky makalasy ýerleşdirilipdir. IRU-nyň ýolbaşçysynyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan özüniň geografiki taýdan amatly ýerleşmegi bilen baglylykda ägirt uly üstaşyr mümkinçiligine eýedir hem-de ony doly güýjünde peýdalanmaga ymtylýar.

Makalany ýazan halkara ulag diplomatiýasynda ýurdumyzyň eýeleýän işjeň ornuny belläp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden durnukly ulag ulgamyny üpjün etmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary öňe sürýän türkmen Lideriniň eýeleýän ornunyň ähmiýetine aýratyn üns berýär. Şonuň bilen birlikde, makalada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan netijeli daşary syýasat ýörelgesiniň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýandygy we ykrarnama eýe bolýandygy nygtalýar. Munuň subutnamasy hökmünde IRU-nyň ýolbaşçysy biziň ýurdumyzyň teklibi bilen 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda BMG-niň “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny” atly hem-de 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda ulag we üstaşyr geçelgelerini döretmek hakynda kabul eden Kararnamalarynyň ähmiýetini belleýär.

Makalada bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişine uly üns berilýär. Şol taslamalar sebitde söwdany we ulag ulgamyny ösdürmäge, şeýle hem ýurdumyzyň çäginden üstaşyr ýük gatnadylyşyny giňeltmäge ýardam bermäge gönükdirilip, Aziýanyň, Ýewropanyň we Ýakyn Gündogaryň ulag aragatnaşyklaryny birleşdirer. Makalany ýazan Türkmenistanyň öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde görkezýändigini nygtaýar. Ýurdumyzyň dünýä derejesinde barha artýan abraýyny belläp, Kristian Labrot şu ýylyň noýabrynda Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça ilkinji ählumumy maslahaty geçirmek baradaky çözgüdiň hem munuň subutnamasy bolup durýandygyny nygtaýar. Şol maslahat bu ugurdaky umumy tagallalaryň netijeli jemlenilmeginde ähmiýetli goşant bolmaga gönükdirilendir.

Türkiýe Respublikasynyň ulag, deňizçilik we aragatnaşyk ministri Ahmet Arslanyň makalasy ulag ulgamynda netijeli türkmen-türk hyzmatdaşlygyna bagyşlanypdyr. Makalada ygtybarly binýadyny dostlugyň we doganlygyň synmaz gadymy däpleri emele getirýän döwletara gatnaşyklaryna ýokary baha berilýär, şeýle hem türkmen Lideri tarapyndan alnyp barylýan netijeli syýasaty halkara jemgyýetçiliginde giňden ykrarnama we goldawa eýe bolan ýurdumyz bilen doly möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmäge Türkiýede aýratyn ähmiýet berilýändigi bellenilýär.

Halkara ulag-aragatnaşyk düzümini ösdürmek meselesiniň strategik häsiýetini nygtap, makalany ýazan bu ulgamda ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň sebitara we dünýä möçberinde möhüm ähmiýete eýedigini belleýär. Makalada bellenilişi ýaly, iri türk kompaniýalary Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan uly möçberli özgertmeler maksatnamalaryny hem-de iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşyp, öz goşantlaryny goşýarlar.

Türk kompaniýalaryna Türkmenbaşydaky halkara deňiz menzilini, awtobanlary, ýol aýrytlaryny we estakadalaryny gurmak ýaly uly möçberli taslamalar ynanyldy. Şunda, sentýabr aýynda Aşgabatda açylan Halkara howa menziliniň ähmiýeti nygtalýar. Ol Ýewropa bilen Aziýany baglanyşdyrýan esasy halka öwrüler, şeýle hem ýurdumyzyň baý tebigy serişdeleri, amatly geografiki ýerleşişi bilen şertlendirilen ägirt uly ykdysady kuwwatyny doly bahaly amala aşyrmak üçin täze mümkinçilikleri döreder.

Ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň geljegi barada aýdyp, Ahmet Arslan ulanylmadyk ätiýaçlyklary herekete getirip, türkmen hyzmatdaşlary bilen ulag-üstaşyr gatnaşyklaryny giňeltmäge Türkiýäniň ymtylmasyny tassyklaýar. Netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda logistika, deňizde ýüzmek, aragatnaşyk, älem we maglumat tehnologiýalar ulgamlary agzalýar.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň esaslandyryjysy Adem Kulanyň döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan makalasy hem okyjylaryň dykgatyna ýetirilýär. Makala milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileriniň esasynda taýýarlanypdyr. Bu bolsa soňky ýyllarda ähli pudaklaryň depginli ösüşini aýdyň görkezýär.

Makalalaryň birinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň üstünlikleri giňişleýin beýan edilýär. Hususan-da, makalada Watanymyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny has-da kämilleşdirmek we ösdürmek, degişli düzümleri döwrebaplaşdyrmak, ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan hem-de “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan özgertmeleriň möhüm ugurlary bolup durýandygy bellenilýär.

Makalany ýazan bu ulgamda gazanylan üstünlikleri bellemek bilen, anyk subutnamalary mysal getirýär, olaryň hatarynda paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň iň çetdäki obalaryna çenli ähli welaýatlarynda döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze, iň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan lukmançylyk edaralary görkezilýär. Bularyň ählisi Türkmenistanyň Prezidentiniň “Döwlet adam üçindir!” diýen asylly ýörelgesinde beýanyny tapan hem-de dünýä jemgyýetçiliginiň we esasy halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň iri düzümleri bolan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG), BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) giň ykrarnamasyna eýe bolan örän aýdyň durmuş ugurly, çuňňur oýlanyşykly syýasatynyň hakyky miweleridir.

Makalalaryň tapgyry Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görlüşine bagyşlanypdyr. Şol oýunlar Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň çözgüdine laýyklykda 2017-nji ýylda türkmen paýtagtynda geçiriler. Öňde boljak uly möçberli yklym oýunlarynyň guramaçylyk meseleleri ýokary gazanylanlar sportuny we köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini ösdürmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde yglan eden milli Liderimiziň uly üns merkezinde durýar.

Aziada—2017 Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrmakda, sport ýeňişlerini wagyz etmekde, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda wajyp orun tutmagyna gönükdirilendir. Şu babatda, şu ýylyň sentýabr aýynda geçirilen media-forum sport arkaly Türkmenistany bütin dünýä açmaga ýurdumyzyň ymtylmasynyň nobatdaky ajaýyp subutnamasy boldy. Türkiýe Respublikasynyň sport žurnalistleri bileleşiginiň baş sekretary Mustafa Ýener Göksel žurnalyň sahypalarynda Aşgabat barada, sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjiginiň desgalary bilen tanyşlygy barada öz täsirlerini paýlaşýar. Onuň belleýşi ýaly, sport media-foruma gatnaşmaga döredilen mümkinçiligiň netijesinde ol sporty we köpçülikleýin-bedenterbiýe hereketini ösdürmek boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan işleriň uly möçberlidigine, şeýle hem öňde boljak iri ýaryşlara taýýarlyk görlüşiniň ýokary derejededigine göz ýetirip bilipdir.

Aýratyn makala milli sport hereketini ösdürmekdäki hem-de sport ulgamynda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekdäki ajaýyp goşandy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara sport metbugaty assosiasiýasynyň Aziýa sport metbugaty birleşiginiň ýokary derejeli Altyn medaly bilen sylaglanmagyna bagyşlanypdyr. “Atavatan Türkmenistan” žurnalyna beren interwýusynda bu Birleşigiň prezidenti Mohammad Kasym Türkmenistanyň Baştutanynyň bu sylaga ilkinji bolup mynasyp bolandygyny nygtaýar. Aziýa sport metbugaty birleşiginiň ýolbaşçysy Aziada—2017-ä taýýarlyk görlüşiniň derejesine ýokary baha berip, Aziýanyň sport žurnalistler gününe hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny wagyz etmäge bagyşlanylan sport media-forumynyň ähmiýetini belledi.

Makalalaryň birinde elektroenergetika pudagynda gazanylan üstünlikler beýan edilýär. Elektroenergetika bu gün ösüşiň durnukly ýokary depginlerini hem-de eksport kuwwatynyň artdyrylyşyny görkezýän türkmen ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolup çykyş edýär. Makalada gysga möhletlerde bina edilen kuwwatly elektrobeketler, täze elektrik geçiriji ugurlar barada gürrüň berilýär. Bellenilişi ýaly, bu ugurda amala aşyrylýan taslamalar energetika pudagynyň kuwwatlyklaryny görnetin köpeltmäge, içerki sarp edijileriň, elektrik energiýasyna bolan islegini doly kanagatlandyrmaga hem-de ony serhetdeş ýurtlara eksport etmäge mümkinçilik berdi.

Milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde hususy ulgamyň tutýan orny baradaky makala hem okyjylaryň dykgatyna hödürlenilýär. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan sazlaşykly makroykdysady syýasat hem-de halk hojalygy toplumynyň ähli pudaklarynda hil taýdan täze netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýän ösüşlere beslenen özgertmeler döwletiň depginli ösmegine ýardam edýär. Şunda, döwlete degişli däl ulgamyň goldanylmagy möhüm düzüm bölek bolup çykyş edýär. Bu ulgama türkmen ykdysadyýetiniň tehnologiýa taýdan ösmegi, ýokary hilli, bäsleşige ukyply önümleri öndürmek, Türkmenistanda azyk bolçulygyny döretmek boýunça wezipeleri ýerine ýetirmekde aýratyn orun berilýär. Makalany ýazan Türkmenistanyň gülläp ösmegi ugrundaky işlere Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine birleşdirilen hususy ulgamyň wekilleriniň ägirt uly goşandy barada anyk mysallaryň üsti bilen gürrüň berýär.

Daşary ýurtly okyjylaryň ýurdumyzyň medeniýetine uly gyzyklanmasyny nazarda tutup, neşiriň nobatdaky sanynda taryhy ýadygärlikler hem-de türkmen diliniň gözbaşlary we ösüş ýollary barada gürrüň berýän makalalar çap edilipdir. Biziň Gündogar bilen Günbataryň, Demirgazyk bilen Günortanyň aralygynda ynsanperwer aragatnaşyklarynyň kemala gelmegine täsir eden maddy we ruhy gymmatlyklarymyz dünýäniň medeni ösüşinde aýratyn orun berilýän egsilmez akyl hazynasydyr. Häzirki 2016-njy ýylyň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edilmegi türkmen halkymyzyň baý mirasyny wagyz etmek meselelerine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň örän uly üns berýändiginiň ajaýyp subutnamasy boldy.

Köpetdagyň eteklerindäki we Murgap jülgesindäki Jeýtun, Änew, Namazgadepe, Altyndepe, Goňurdepe gadymy ekerançylyk merkezleri, Nusaýyň, Merwiň, Sarahsyň, Amulyň, Köneürgenjiň, Abiwerdiň gadymy şäherleri we galalary bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyklardyr. Makalalaryň birinde Dehistanyň taryhy barada gürrüň berilýär, ol hem milli mirasymyzyň täsin desgalarynyň biridir.

Žurnalyň baýramçylyk sany oňat bezelipdir. Türkmen we daşary ýurt okyjylary www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda žurnalyň elektron görnüşi bilen hem tanşyp bilerler.

Degişli makalalar

Türkmen Obasynyň Täze Durmuşy Barada Çeper Film Surata Düşürildi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Giňişleýin Mejlisi

turkmenhabargullugy

Sinhaý Welaýatynda Ilkinji Türkmen-Hytaý Maslahaty Geçirildi

syrach