19.9 C
Aşkabat
02.05.2024
SPORT

Täze futbol möwsümi açylýar.

Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň futbol boýunça 22-nji çempionaty badalga alýar. Altyn medallar ugrunda Aşgabadyň 4 sany topary – Türkmenistanyň häzirki çempiony HTTU (Halkara türkmen-türk uniwersiteti), bürünç baýragyň eýesi “Altyn asyr” , “Aşgabat” we “Talyp sporty”; ýurduň Kubogynyň we Naýbaşy Kubogynyň eýesi “Ahal” (Ahal welaýaty), wise-çempion Balkanabadyň “Balkan”, “Şagadam” (Türkmenbaşy şäheri), adybir şäherden “Daşoguz”, “Merw” (Mary welaýaty) hem-de Amyderýanyň kenaryndaky şäherden “Bagtyýarlyk-Lebap” bäsleşerler. 

Häzirki ýaryşa taýýarlygyň çäklerinde futbol boýunça türkmen eminleriniň topary Türkiýäniň Antaliýa şäherinde geçirilen okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda bolup geldi. Sekiz günüň dowamynda olar futbol düzgünlerine girizilen üýtgeşmeleri özleşdirdiler, şeýle hem halkara ýoldaşlyk duşuşyklaryna eminlik edip, bilimlerini berkitdiler. 

Türkmenistanly eminleriň halkara derejesindäki ýaryşlara ýygy-ýygydan çagyrylýandygyny bellemek gerek. Ine, 12-nji martda türkmen eminleriniň topary Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň toparlaýyn duşuşyklarynyň birine eminlik eder. 

Türkmenistanyň futbol boýunça çempionaty barada aýdylanda bolsa, şu gün bäş duşuşygyň geçiriljekdigini bellemeli. Olaryň üçüsi Aşgabadyň sport toplumynyň meýdançalarynda geçiriler – HTTU “Talyp sporty”, “Altyn asyr” “Bagtyýarlyk-Lebap” we “Aşgabat” “Şagadam” bilen duşuşar. Balkan welaýatynyň merkezinde “Balkan” “Daşogzy” kabul eder, Maryda bolsa “Merw” “Ahal” bilen güýç synanyşar.

Degişli makalalar

Sport Syny

syrach

Fijide Baş Assambleýa Geçirildi

Baş Baýrak “Aşgabatda”