27.4 C
Aşkabat
19.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň iki aýynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýerine ýetiren işleriniň jemlerine seredildi, şeýle hem parahatçylygy we asudalygy üpjün etmek, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça bu düzümleriň öňünde goýlan wezipeleri netijeli durmuşa geçirmek maksady bilen alnyp barylýan işleriň anyk ugurlary kesgitlendi. 

Ilki bilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew milli Liderimiziň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän giň möçberli harby özgertmeleriň çäklerinde şu ýylyň iki aýynda ýurdumyzda jemgyýetçilik asudalygyny üpjün etmek we goranyş ukybyny ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnamanyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýolbaşçysy özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde döwletimiziň milli bähbitlerini goramak we durmuş-ykdysady taýdan ösüş boýunça milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin möhüm şert bolup durýan amatly jemgyýetçilik ýagdaýnyy saklamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Milli howpsuzlyk minitsrliginiň işgärleriniň durmuşa geçirýän çäreleriniň aýratyn möhümdigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda kanunçylygyň we hukuk düzgüniniň berjaý edilişi bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu işleriň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk ýerine ýetirilmegi boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. 

Soňra ýurdumyzyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamowa söz berildi. Ol özüne ynanylan düzümlerde mähriban Watanymyzyň mukaddes çäklerini pugtalandyrmak ýaly möhüm wezipäni birkemsiz ýerine ýetirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem Döwlet serhet gullugynyň düzümlerinde şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. 

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine daýanýan daşary syýasat ýörelgelerini alyp barýandygyny belledi. Belent Serkerdebaşymyz Türkmenistanyň döwlet serhetleriniň sebitleýin ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmekde möhüm hyzmatdaş bolup durýan ähli goňşy ýurtlar bilen dostluk we hoşniýetli hyzmatdaşlyk serhedine öwrülendigini aýtdy. Bu ugur boýunça alnyp barylýan işleriň yzygiderli dowam etdirilmelidigini bellemek bilen, milli Liderimiz döwletimiziň mundan beýläk-de döwrebap serhet galalarynyň gurulmagyna, olarda Watanymyzyň gaýduwsyz goragçylary üçin amatly gulluk we durmuş şertleriniň döredilmegine yzygiderli ähmiýet berjekdigini nygtady. 

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeleriň durmuşa geçirilişi, has takygy, şu ýylyň başyndan bäri milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we kämilleşdirmek, ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak, bu ugur boýunça dürli desgalary, şol sanda harby gullukçylar üçin täze amatly ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada ýurdumyzyň goranmak ministri B.Gündogdyýew hasabat berdi. Şeýle hem ol döwlet Baştutanymyzyň garamagyna çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlaryny harby gulluga çagyrmak hakynda taýýarlanylan Permanyň taslamasyny hödürledi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, harby ulgamda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatyny hasaba alyp işlenip taýýarlanylan Harby doktrinanyň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi. Munuň özi ýurdumyzda parahatçylygyň we asudalygyň saklanmagyna, biziň bitarap ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşi üçin zerur şertleriň döredilmegine, onuň halkara giňişligindäki möhüm orunlara çykmagyna hemmetaraplaýyn hyzmat eder diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlaryny harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakyndaky Permana gol çekip, şu resminamadan gelip çykýan wezipeleri ýokary derejede ýerine ýetirmek boýunça degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Soňra Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýewiň hasabaty diňlenildi. Ol şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda döwletimizde we jemgyýetimizde kanunçylygy hem-de hukuk tertibini berk berjaý etmek boýunça prokuratura edaralarynyň öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Prokuratura edaralarynyň işgärlerine ägirt uly jogapkärçiligiň degişlidigi barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň her biriniň halallyk, adalatlylyk ýörelgelerine ygrarly bolmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz döwletimiziň tutuş düzümiň sazlaşykly işiniň kepili bolan işgärleriň taýýarlygyna möhüm ähmiýet berjekdigini belledi. 

Soňra hasabat döwründe gözegçilik edýän düzümlerinde iki aýyň dowamynda ýerine ýetirilen işler barada Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň içeri işler mnistri ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, hukuk bozmalaryň öňüni almak, şol sanda ýol-ulag hereketiniň sazlaşygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada durup geçdi. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet ösüşiniň möhüm wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň esasy şerti bolan hukuk tertibiniň we jemgyýetçilik durnuklylygynyň üpjün edilmeginde ýurdumyzyň Içeri işler ministrligine jogapkärli wezipäniň degişlidigini bellemek bilen, milli Liderimiz şahsy düzümde tertip-düzgüniň ýokary derejede saklanmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi. 

Soňra Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy B.Çaryýewiň şu ýylyň iki aýynda ýurdumyzyň kazyýet ulgamlarynda ýerine ýetirilen işler baradaky hasabaty diňlenildi. Şeýle hem ol döwlet Baştutanymyzyň kazyýet ulgamlarynyň işiniň has takyk guralmagy we kazylaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna degişli tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi. 

Bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli alyp barmagyň zerurdygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz kanunyň goragynda durýan işgärleriň öz öňlerinde goýlan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmgi, her bir iş derňelende ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuklarynyň we erkinliginiň goraglylygyny üpjün etmegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. 

Ýurdumyzyň milli kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilşi, şeýle hem şu ýylyň iki aýynda alnyp barylan işleriň netijeleri barada Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhammedow hasabat berdi. 

Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ýokary depginleriniň üpjün edilmegine gönükdirilen ähli döwlet maksatnamalarynyň wajypdygyny nazara almagyň zerurdygyny bellemek bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň öňdebaryjy kanunçykaryjylyk tejribelerini nazara almak arkaly işlenip taýýarlanylýan degişli kanunlary düzmek we kabul etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreleri yzygiderli dowam etmegiň möhümdigini nygtady. Ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuk taýdan sowatlylygynyň ýokarlanmagyna üns berilmelidigini, bu babatda hukuk düzümleriniň işgärleriniň täze kabul edilýän kanunçylyk namalary ilatyň arasynda giňden wagz etmelidigini tabşyrdy. 

Soňra Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Hojamgulyýew düzümi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, gümrük gullugynyň işgärleri üçin zerur şertleriň döredilmegi, amatly ýaşaýyş we gulluk jaýlarynyň gurulmagy, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanmagy bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýe hem ol gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada aýtdy. 

Döwletimiziň daşary syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmegiň çäklerinde möhüm ugurlaryň biri bolan dürli ulgamlardaky özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürilýär. Netijeli hyzmatdaşlyk söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda, syýahatçylykda, şeýle hem ykdysady gatnaşyklarda durmuşa geçirilýän çäreler has-da işjeňleşdirildi, bu bolsa Türkmenistanyň döwlet serhedinden geçýän harytlaryň we ýükleriň möçberleriniň yzygiderli artmagyny şertlendirdi diýip, milli Liderimiz belledi. Munuň özi örän jogapkärli wezipäni ýerine ýetirýän Döwlet gümrük gullugynyň ähmiýetini ýokarlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we geçýän ýükleri, şol sanda üstaşyr ýükleri häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede barlamak boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn ähmiýet bermegi tabşyrdy. 

Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanow öz gezeginde gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň baş şertini ykrar etmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler, zyýanly endikleriň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem neşe serişdeleriniň ýaýradylmagynyň öňüni almaga, olaryň ýok edilmegine gönükdirilen maksatnamanyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy. 

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň beýleki hukuk goraýjy edaralar, bilim we saglygy goraýyş ulgamlary, jemgyýetçilik hem-de halkara guramalary bilen bilelikde alyp barýan işleriniň möhümdigini belledi. Şeýle hem Türkmenistanda neşekeşlik ýaly ýaramaz endikler düýp-teýkary ýok edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýratyn nygtady. Hormatly Prezidentimiz gullugyň ýolbaşçysyna ýaşlaryň arasynda bu ugur boýunça giň wagyz-nesihat işleriniň geçirilmegine, netijeli duşuşyklaryň guralmagyna gönükdirilen işleri yzygiderli guramagy tabşyrdy. 

Giň halkara hyzmatdaşlygyna, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň üstünlikleriniň we ýeten derejesiniň wagyz edilmegine degişli ýardam berýän Döwlet migrasiýa gullugynyň işi, düzümiň şu ýylyň iki aýynda durmuşa geçiren çäreleriniň netijeleri barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy D.Baýramow hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz gullugyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyny bellemek bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň halkara bileleşigi bilen ýola goýan gatnaşyklarynyň işjeň ösdürilmegine goşant goşmagyň migrasiýa gullugynyň her bir işgäriniň möhüm borjudygyny nygtady. Şeýle hem döwlet baştutanymyz olaryň özygtyýarly döwletimiziň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryndaky ornunyň pugtalandyrylmagyna, mähriban Watanymyzyň abraýynyň we şöhratynyň belende galmagyna netijeli işleri bilen ýardam bermelidiklerini belledi. Şunuň bilen baglylykda, gullugyň işgärleriniň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, daşary ýurtly raýatlaryň zerur migrasiýa tapgyrlaryndan geçmegi üçin degişli halkara ülňüleriniň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidir. 

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna öňde goýlan jogapkärli wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlik arzuw etdi we Watanymyzyň gaýduwsyz goragçylarynyň mukaddes harby hem-de raýatlyk borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirmek bilen, ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan we ösüşiň, rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urýan halkymyzyň parahatçylykly, bagtyýar hem-de abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi. 

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň parahatçöýüjilikli we ynsanperwer daşary syýasatyna laýyklykda kabul edilen goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň çäklerinde öňde goýlan wezipeleriň ýerine etirilmegine gönüden-göni bagly bolan möhüm ýagdaýlara Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň ünsüni çekdi. Hut şu doktrina laýyklykda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak yzygiderli alnyp barylýar, bu barada döwletimiz hemişe alada edipdi we geljekde hem alada eder. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýurdumyzda jemgyeýtçilik tertibini we kanunçylygy üpjün etmekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrylmak, häzirkizaman harby şäherçeleri, harby bölümleri, serhet galalaryny, harby gullukçylar we olaryň maşgalalary üçin amatly ýaşaýyş jaýlaryny gurmagy hem goşmak bilen bu ulgama degişli desgalary bina etmek boýunça yzygiderli çäreleri durmuşa geçirmegiň möhümdigini aýtdy. 

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Degişli makalalar

Türkmen Seçgiçileri Gowaçanyň Yssa we Gurak Howa Durnukly Görnüşlerini Oýlap Tapmagyň Üstünde Işleýärler

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi.

syrach

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

syrach