21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Pile tabşyrmak möwsümi başlandy

Lebap welaýatynyň ýüpekçileriniň öňünde 1670 tonna pile tabşyrmak wezipesi durýar.

Halaç etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Gurbangül ? Gulmyradowa taýýarlaýyş nokadyna 112 kilogram pile tabşyryp, bu daýhan birleşigi boýunça pile tabşyrmak baradaky boýun alan borçnamasyny ilkinji bolup ýerine ýetirmegi başardy.

Ýüpek gurçugy bilen meşgullanmak örän çalasanlygy hem-de argynsyzlygy talap edýär. Bir gije-gündiziň dowamynda ýüpek gurçuklaryny on gezek iýmitlendirmeli bolýandygy hem muňa şaýatlyk edýär. Ýüpek gurçuklary tekjeli ýörite jaýlarda gije we gündüziň dowamynda iýmitlendrilip durulýar, olaryň saklanylýan jaýlarynyň howasy we çyglylyk ýagdaýy oňaýly ýagdaýlarda saklanylýar. Ýüpek gurçuklaryny saklamak üçin bildirilýän talaplaryň ählisiniň gyşarnyksyz ýagdaýda berjaý edilmegi özüniň ýokary netijelerini berýär.

Pileleri tabşyrmak işleri welaýatyň beýleki etraplarynda hem guramaçylykly alnyp barylýar.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine Gynanç Hatyny Iberdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Korrupsiýa Garşy Göreşi Güýçlendirmegiň Wezipeleri Maslahatlaşyldy