14.9 C
Aşkabat
05.05.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

(TENDER) CNPC International (Turkmenistan) Bäsleşik Yglan Edýär

(TENDER) CNPC International (Turkmenistan) Bäsleşik Yglan Edýär

Bäsleşik 2016-nji ýylyň 23-njy dekabyryndan (23.12.2017) – 2017-nji ýylyň 3-nji ýanwaryna (03.01.2017) çenli dowam eder.

International Turkmenistan Hytaý Milli Nebitgaz Korporasiýasy Türkmenistandaky Lebap welaýatynyň «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginde Potratçynyň enjamlaryny 2018-2020-nji ýyllarda ulanmak arkaly guýularyň perforasiýasy we barlagy boýunça esasy we goşmaça hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça №. CIT-16116-SR belgili tender boýunça deslapky kwalifikasiýa yglan edýär

Bu bäsleşik işiň aşakdaky görnüşlerini öz içine alýar:

Guýynyň perforasiýasy, degişli enjam we ýokary hünär taýýarlykly işgärler;

Guýynyň ýüsti barlagy, degişli enjam we ýokary hünär taýýarlykly işgärler;
Guýynyň zaboý barlagy, degişli enjam we ýokary hünär taýýarlykly işgärler;
Slick-line tanap tehnikasy, degişli enjam we ýokary hünär taýýarlykly işgärler;
Barlag operasiýalary boýunça maglumatlary beýan etmek we hasabat atýýarlamak;
Beýleki operasiýalar bilen aragatnaşyk etmek.

Bellik: Işler ýokary derejede H2S, CO2 we AWPD saklanýan gaz känlerinde ýerine ýetiriler.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän kompaniýalar aşakda görkezilen maglumatlary we resminamalary tabşyrmalydyrlar:

Bäsleşige gatnaşmak üçin arza.
Kompaniýa barada gysgaça maglumat, şol sanda kompaniýanyň hasaba alnandygy barada maglumat.
Soňky 3 ýylda kompaniýanyň şuňa meňzeş şertlerdäki desgalarda alyp baran iş tejribesi barada maglumat.
Soňky 3 ýylda kompaniýanyň maliýe ýagdaýy barada maglumat;
Ýerli kompaniýalar üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigine girýändigini tassyklaýan şahadatnamanyň göçürmesini görkezmeklik hökmanydyr.

Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar şu habar neşir edilen gününden soňky 10 günüň içinde kabul ediljekdir.

Salgymyz: Türkmenistan, Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/3

Habarlaşylmaly tarap: Narine Simonýan; elektron poçta salgysy: Narine.Simonyan@cnpcag.com

Tel.:+993-12-445434 Faks:+993-12-445044

Arzalar ýörite adamlaryň üsti bilen, elektron poçta ýa-da faks arkaly iberilip bilner.

CNPC INTERNATIONAL TURKMENISTAN

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Mejlisiniň Maslahaty

turkmenhabargullugy

Tamdyr Salmak

Türkmenistan BMG-nyň Gender Deňligi Meseleleri Boýunça Düzümine Saýlanyldy

syrach