14.9 C
Aşkabat
05.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

(TENDER) Türkmenbaşynyň Nebiti Gaýtadan Işleýän Zawodlar Toplumy Bäsleşik Yglan Edýär

(TENDER) Türkmenbaşynyň Nebiti Gaýtadan Işleýän Zawodlar Toplumy Bäsleşik Yglan Edýär

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşik 2017-nji ýylyň 07-njy ýanwaryna (07.01.2017) çenli dowam eder.

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Türkmenistanyň Nebitgaz toplumyny harytlar bilen üpjün edijileri bäsleşik esasynda kesgitleýän Toparyň adyndan BÄSLEŞIK yglan edýär:

LOT №5 – Çalgy ýaglary üçin prisadkalar

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň DYA bölümine ýüz tutmaly we:

– bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;

– «Harytlary satyn almak, amallary ýerine ýetirmek, döwlet üçin zerur hyzmatlary ýerine ýetirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen tanyş bolmaly;

– tehniki talaplary almaly;

– bir lot üçin 575 amerikan dollaryny töläp, tender resminamalarynyň bukjasyny almaly.

Lot boýunça gerekli bolan ähli maglumatlary  ýokarda görkezilen salgy boýunça alyp bilersiňiz.

Tender boýunça teklipler Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň DYA bölümine,  tender 07.01.2017  gününe çenli kabul edilýändir.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär. Bildiriş neşir edilen pursatyndan başlap bäsleşik üçin doly görnüşde teklip ýerleşdirilen, degişli möhür bilen kepillendirilen bukja ýokarda görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleriniň geçirilenden soň seljerilip başlanjakdyr.

Habarlaşmak üçin telefonlar: +993243 2-48-49, 96-2-33 (arzany ugratmak üçin tel/faks: +993243 2-22-04)

 

Degişli makalalar

TÜRKMENİSTANDA NOWRUZ BAÝRAMÇYLYGY.

syrach

Ýurdumyz Köpçülikleýin Welosipedli Ýörişe Taýýarlanýar

Paryzdepede Toplumlaýyn Barlaglary Dowam Edýär

turkmenhabargullugy