9.9 C
Aşkabat
17.03.2026
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Teneçir

Onuň daşky keşbi kejebä çalym edýär. Şaýyň ýerligi kümüşden ýasalyp, ýüzüne bolsa gyzyl çaýylýar. Oňa bir ýa-da üç hakyk gaşy oturdylýar. Ýüzi bolsa ýokardan aşaklygyna goýberilen birnäçe «çybyk», «bugdaý» ýaly nagyşlar bilen bezelýär.
Teneçir – gyzlaryň we gelinleriň çekge tarapyndan tahýanyň, börügiň etegine dakylyp, gulaklarynyň, dört örüm saçlarynyň üstünden ýokardan aşaklygyna goýberýän şelpeli şaýdyr
Zergärçilik bilen meşgullanan ata-babalarymyz milli şaý-seplerimize dürli ösümlikleriň, gadymy taryhymyza degişli bolan keramiki gaplardaky janly-jandarlaryň şekillerini siňdiripdirler. Görnüşi boýunça kiçeňräk bolany üçin gürrüňini eden bezeg şaýymyza teneçir diýip at beripdirler.

Çeşme: http://metbugat.gov.tm/

Degişli makalalar

Aşgabatdaky Restoranlar

turkmenhabargullugy

Türkmenistan-BMG: Parahatçylyk Döredijilik Maksadynda Hyzmatdaşlyk

«Miras» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

syrach