16.9 C
Aşkabat
15.05.2024
DURMUŞ

«Miras» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty tarapyndan çapa taýýarlanylýan we çärýekde bir gezek çykýan “Miras” ylmy-köpçülikleýin žurnalyň birinji sanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýylyň başynda Aşgabatda “Türkmen halkynyň kemala gelmegi we dünýä medeniýetiniň ösüş taryhy” hem-de “Nurmuhammet Andalyp we Gündogaryň XVII– XVIII asyrlardaky edebi-medeni durmuşy” ady bilen geçirilen halkara ylmy maslahatlaryna gatnaşyjylara iberen Gutlaglary ýerleşdirilipdir.

Žurnalyň “Täze açyşlar we işläp düzmeler” atly bölüminde filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Mamatkul Juraýewiň (Özbegistan) “Oguznama we gadymy türki mifologiýasy” atly makalasy bar. Awtoryň bu işinde bu eseriň arhaik görnüşi öz gözbaşyny gadymy türkleriň mifologik şa dessanyndan alýar diýlip bellnilýär. Ýene-de şol bölümde filologiýa ylymlarynyň kandidaty Ýagub Babaýewiň (Azerbaýjan) “Hurufizm we Gündogarda edebi-filosofiki pikir” atly makalasy bar. Onda sopuçylykdan soňky ikinji dini akym hakynda gürrüň berilýär. Eserden görnüşine görä, ol XIV—XV asyrlarda döräpdir we giňden ýaýrapdyr. Filologiýa ylymlarynyň kandidaty Alekseý Pylýew (Russiýa) öz makalasyny Gündogar garahanly edebi däplerine we türki sopuçylyk şygryýetiniň irki nusgalaryna bagyşlapdyp. Turkmen filology Kakajan Janbekow öz makalasynda XII asyrda giňden meşhur bolan söz ussady Reşideddin Watwatynyň (1080-1178) döredijiligi hakynda gürrüň berýär.

Žurnalyň “Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşygy” atly bölüminde professor Hatyp Minnegulowyň (Russiýa) makalasy ýerleşdirilipdir. Onda Ahmet Ýasawynyň döredijiligi we onuň tatar edebiýatyndaky edebi däpleri hakynda gürrüň berilýär. Ol bu meşhur şahyryň goşgulary ähli türki dilli halklaryň arasynda giňden bellidir we olar tatar söz sungatynyň ösüşinde möhüm orny eýeleýär diýip belleýär. Şol bölümde ylmy barlagçy Kamiljan Rahymowyň (Özbegistan) “Mawerannahryň uly alymy” atly makalasynda VIII asyryň ahyrynda we IX asyryň başynda ýaşap geçen yslam teology, dini öwreniji we hadyslary ýatdan bilýän Abu Hafs Kabir Buhari hakynda gürrüň berýär. Taryh ylymlarynyň kandidaty Tirkeş Hojanyýazow we aspirant Nagmatulla Amanlyýew özleriniň bilelikdäki makalasynda XIII—XIV asyrlarda Hulagular döwletiniň düzüminde bolan Marynyň zikgeçilik sungaty hakynda gürrüň berýärler. Žurnalyň ahyrynda Türkmenistanyň ylmy we medeni durmuşyna degişli hronika berilýär. Hemişe bolşy ýaly, žurnal Orta asyr we häzirki zaman suratkeşleriniň eserleriniň şekilleri, seýrek gabat gelýän fotosuratlar we beýlekiler bilen ýokary derejede bezelipdir.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Gowaça Ekişine Taýýarlyk Görmek Işlerine Gadam Basyldy

syrach

„Ýaşulularyň Halkara güni“

syrach

Hormatly Prezidentimiz Paýtagtymyzyň Etegindäki Kölüň Kenarynda…