27.9 C
Aşkabat
15.06.2025
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Tennis Boýunça Aşgabat Şäheriniň Birinjiligi Tamamlandy

Golaýda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda tennis boýunça Aşgabat şäheriniň birinjiligi geçirildi. Erkekleriň, zenanlaryň we 12 ýaşdan kiçi türgenleriň arasynda geçirilen bu ýaryş «Aşgabat» köpugurly stadionynda guraldy.

Ýaryşyň netijesinde erkekleriň arasynda Ý.Rogusskiý I orna, A.Gurbanow II orna, H.Çaryýew III orna, zenanlaryň arasynda G.Muhammetgulyýewa I orna, B.Toýmyradowa II orna, A.Klyçewa bolsa III orna eýe bolup ýeňişini baýram etdi.

12 ýaşdan kiçi oglan türgenleriň arasynda geçen gyzgalaňly ýaryşyň netijesinde I.Ahundow I orna, S.Çagylow II orna, R.Mametgurbanow III orna mynasyp bolmagy başardy. Gyzlaryň arasynda bolsa M.Muhammedowa I orna, M.Atamyradowa II orna, I.Guseýnowa III orna eýe bolmagy başardy.

Ýaryş baýrakly orna mynasyp bolan türgenlere guramaçylar tarapyndan sowgat gowşuryş dabarasy bilen tamamlandy.

Ogulsenem KAKALYÝEWA,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.

Çeşme: msy.gov.tm

Degişli makalalar

Aziada-2017-niň Nyşany Akjagaýada Wideo

“Saglyk-2017” Halkara Sergisine Ýewropadan, Amerikadan, Aziýadan Kompaniýalaryň 245-si Gatnaşýar

Tailandda Jiu-Jitsu Boýunça Ussatlarymyz 29 Medal Gazandylar