17.9 C
Aşkabat
05.05.2024
SPORT

Türkiýäde Okaýan Talyplara Bildiriş (Ertir Sport Çäreleri Geçiriler)

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanda dowam edýän “Saglyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin sport, bedenterbiýe-sagaldyş we jemgyýetçilik çäreleriň bir aýlygynyň çäginde, 2015-nji ýylyň 26-njy aprelinde sagat 10:00 da Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Stambul Baş Konsullygynyň guramagynda sport çäreleri geçiriljek. Sportyň şaşka, küşt we beýleki görnüşleri boýunça ýaryşlar guraljak. 
 
Isleg bildirýän talyplary ýaryşa gatnaşmaga we tomaşa etmäge çagyrýarys. 
Ýaryşyň  soňynda oňa gatnaşyjylara Baş Konsullyk tarapyndan türkmen milli tagamlary hödür ediler.

Sport ýaryşlary Konsullygyň Stambuldaky binasynda geçiriler

Habarlaşmak üçin

Azat Jepbarow 05546918775  E-mail azat.jepbarow@mail.ru

Seyit Haknazarow 05364484478  E-mail seyithaknazarov14@gmail.com 

 

 

 


Degişli makalalar

Küşt boýunça milli ýaryşlaryň bäsleşigi.

syrach

Aziada-2017-niň Sport Paýtagtynyň Olimpiýa Belentlikleri

Erkin Göreş Boýunça Aşgabat Şäheriniň Çempionaty Tamamlandy