22.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Erkin Göreş Boýunça Aşgabat Şäheriniň Çempionaty Tamamlandy

Golaýda erkin göreş boýunça Aşgabat şäheriniň çempionaty tamamlandy. Erkekleriň arasynda geçirilen bu ýaryş «Galkynyş» bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda guraldy.

Çempionata 7 topar gatnaşyp, olar öz aralarynda 8 agram derejesinde bäsleşdiler. Gyzgalaňly geçen ýaryşyň netijesinde S.Geldimyradow (57 kg.), D.Guwanjow (61 kg.), A.Azymow (65 kg.), I.Myradow (70 kg.), Ý.Kakabaýew (74 kg.), O.Orazmämmedow (79 kg.), H.Hemenekow (86 kg.), O.Amangylyjow (92 kg.) dagylar öz agramlarynda I orna eýe bolup, ýeňişlerini baýram etdiler.

Ýaryşda baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Hormat hatlary we Türkmenistanyň Sport göreş federasiýasynyň sowgatlary gowşuryldy.

Döwranberdi AMANBERDIÝEW,

«Olimp» orta sport mekdebiniň instruktor-metadisti.

Çeşme: msy.gov.tm

 

Degişli makalalar

Oýunlaryň Başlanmagyna 200 Gün Galanda Aziada-2017-niň Nyşany Duşakerikdag Gerşine Galdyryldy

Türkmenistanda “Suw Damjasy-Altyn Dänesi” Baýramçylygy Dabaraly Ýagdaýda Bellenildi

Türkmenistan Fotosuratlary 15