26.9 C
Aşkabat
03.05.2024
YKDYSADYÝET

Türkiýeniň Gurluşyk Materiallary Senagatynyň Gazananlarynyň Sergisi Tamamlandy

Paýtagtymyzyň Sergi köşgünde Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk materiallary senagatynyň sergisi tamamlandy. 140 töweregi kompaniýanyň we telekeçiler düzümleriniň gatnaşan wekilçilikli ykdysady gözden geçirilişi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de “Meridyen” türk kompaniýasy tarapyndan guraldy.

Türkmenistanda geçirilýän sergi çärelerinde  Türkiýe Respublikasyndan bolan ýyl-ýyldan artýan eksponentler türk hyzmatdaşlarynyň artýan gyzyklanmasyna, olaryň bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga bolan  meýline şaýatlyk edýär. 

Sergi gurluşyk senagaty we bezeg materiallary ulgamynda işleýän öňdebaryjy türk kompaniýalaryny ýygnady. Uly göwrümli ekspozisiýa iki dostlukly ýurduň arasyndaky üstünlikli hyzmatdaşlygyň aýdyň beýany boldy. 

Sergä gatnaşyjylaryň arasynda gurluşyk materiallaryny, elektrik geçirijilerini, transformatorlary, elektrik geçirijiler üçin enjamlary, gurluşyk himiýasynyň önümlerini we beýlekileri köp sanly öndürijiler bar. Sergide daşky bezeg, örtük materiallary üçin, şeýle hem plastik we kauçukdan bolan önümleriň uly görnüşleri görkezildi. 

Sergide metal gurnama, üçek, bezeg we örtük önümleri, santehniki enjamlar, elektrik geçiriji we yşyklandyryjy toplumlar, galyplyk, şol sanda ýerasty geçelgeleriň gurnamalaryny guýmak üçin galyplyk ulgamlary, ýylylyk saklaýjy aýratyn häsiýeti bolan gelşikli  penjireler we gapylar hem-de beýlekiler görkezildi. Ýöriteleşdirilen enjamlar aýratyn orun tutdy. 

Serginiň üç iş gününiň barşynda doganlyk ýurduň işewürler toparynyň wekilleri ösüşlere beslenen özgertmeler netijesinde türkmen ykdysadyýetiniň depginli ösýändigini hem-de bilelikde işlemek üçin örän giň mümkinçilikleri döredýändigini bellediler. Gurluşyk pudagyny döwrebaplaşdyrmakda, gurluşykda häzirki zaman ylmy-tehniki we amaly işläp taýýarlamalary hem-de netijeli tehnologiýalary ornaşdyrmakda netijeli hyzmatdaşlyk aýratyn bellenilip geçildi. 

Forum türkmen we türk senagatçylarynyň we telekeçileriniň arasynda täze gatnaşyklary ýola goýmak üçin  ähmiýetli gepleşikler meýdançasyna  öwrüldi. Olar tejribäni we üstünlikleri giňden alyşmagy dowam etmek ugrunda pikirlerini aýtdylar.

Ýöriteleşdirilen gözden geçirilişiň ýapylyş dabarasynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylara degişli diplomlar we şahadatnamalar gowşuryldy. 

Serginiň işi tamamlanandan soň oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda  myhmansöýerlik üçin hem-de gadymy dostluk we doganlyk gatnaşyklary bilen baglanyşykly iki ýurduň we halkyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ýolunda täze ädime öwrülen serginiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirilýär. 

Degişli makalalar

Zenanlara Niýetlenen Bahar Gülleri

Turkmenistan is preparing to hold the First Caspian Economic Forum

turkmenhabargullugy

Nebitiň Bahalary Aşaklamadan Soňra Az-Kem Gymmatlap Başlady