24.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmen Bilbiline Bagyşlanýar: Medeniýet Şahberdiýewanyň Hatyrasyna

Türkmenistanyň we SSSR-iň halk artisti Medeniýet (Maýa) Şahberdiýewa türkmen bilibili diýýärdiler. Näme üçin oňa şeýle at berildikä? Bizde owadan güýçli sesli opera aýdymçylary ozalam kändi, häzirem ýetik. Ýöne olardan täk biri milli sungatymyzyň taryhyna Türkmen bilbili bolup girdi!

Medeniýet Marynyň çagalar öýünde terbiýelenýär. Saza ukyply gyzjagazyň bagty gelip, Respublikan çagalar sazçylyk mekdep-internatynyň skripka bölümine alynýar.

Medeniýet şol ýoldan giden bolsa, belki, ussat skripkaçy bolardy. Emma RSM-ni tamamlandan soň ony … Mugallymçylyk institutynyň fizika-matematika fakultetine okuwa ugradýarlar. Sebäbi ol takyk ylymlara seýrek duşýan zehinlidi, muny aňan mugallymlary Medeniýetden beýik alym çykar diýýärdiler … Emma ýagdaý başgaça boldy. Medeniýet Mugallymçylyk institutyna girmeýär-de, özüniňkä tutup, resminamalaryny umumy esasda Sazçylyk uçilişşesiniň … wokal bölümine tabşyrýar. Geň galaýmaly, onuň saza we takyk ylymlara zehinini aňsalar-da, bu gyzyň özüne maýyl ediji owadan sesine üns beren bolmandyr.

Kabul ediş toparynyň agzalary haýran galyp: bilbil bol-a, Türkmen bilbili-dä! – diýipdirler. Soňra hiç haçan bolmadyk ýagdaý bolýar. Bir ýyl okandan oňa uçilişşäni tamamlandygy barada şahadatnama berilýär.

Şeýdibem birinji ýyl talyby birbada uçurym bolýar duruberýär we Moskwanyň Çaýkowskiý adyndaky konserwatoriýasyna okuwa iberilýär. Ol bu okuw jaýyny tapawutlanan diplom bilen tamamlaýar, bu ýerde-de oňa Türkmen bilbili diýýärdiler. Medeniýet konsert berip ugranda Aleksandr Alýabýewiň tanymal «Bilbil» romansy onuň döredijiliginde aýratyn orun tutdy…

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Medeniýet Şahberdiýewanyň ýagty ýadygärligine bagyşlanan agşam geçirildi. Üç ýyl mundan ozal aramyzdan giden beýik aýdymçy diri gezip ýörenliginde şu ýyl 90 ýaşyny toýlardy.

TMK-nyň Uly zalyna Türkmen bilbiliniň ýagty ýadygärligini hatyralamak üçin onuň dost-ýarlarydyr hossarlary ýygnandylar. Olaryň arasynda ýurdumyzyň sungatda at gazanan işgäri, tansçy Gözel Hummaýewa, sahnada bile çykyş eden kärdeşi, Türkmenistanyň halk artisti Gurt Nazarow, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Röwşen Nepesow, «Medeniýet Şahberdiýewa» atly kitabyň awtory Parahat Çerkezowa, aýdymçynyň doganoglany, žurnalist Güljahan Şahberdiýewa we beýlekiler bardy.

Çykyş edenler Türkmen bilbili barada ýatlamalarynda onuň üýtgeşik adam bolandygyny aýdyp, aýdymçynyň adamkärçiligini, sungaty ýürekden söýendigini, kärdeşlerine hoşamaý garaýşyny bellediler. Röwşen Nepesow şeýle üýtgeşik ýagdaýy ýatlady. Entek talyp döwri Medeniýet Şahberdiýewa sazandarlyk edipdir, ýöne tolgunyp başga tonallyk alypdyr. Soňra ol aýdymçynyň başa barmadyk çykyşyna sebäp bolandygyny aýdanda Şahberdiýewa gaharlanypdyr. Sazanda we kompozitor Röwşen Nepesow ony ömürlik sapak edinipdir.

Wokal sungatynyň ussatlary we Medeniýet Şahberdiýewanyň kärdeşleri aýdymçynyň repertuaryndan aýdymlar aýtdylar. Saz agşamynyň bir böleginde türkmen kompozitorlarynyň Şahberdiýewa bagyşlanan eserleri ýerine ýetirildi. Tomaşaçylar welin «Bilbil» aýdymyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar …

Agşamyň ahyrynda Alýabýewiň «Bilbil» aýdymyny Medeniýet Şahberdiýewanyň şägirdi Žanna Saýan ýerine ýetirdi. Žannanyň hem edil halypasynyňky ýaly koloratura soprano sesi bar, bu bolsa oňa Şahberdiýewanyň aýdym aýdyş ussatlygyna golaýlaşmaga ýardam etdi. Diňleýjiler eseriň çylşyrymly we çeýe wokal keşbini zehinli bermegi başaran Žanna Saýany şowhunly el çarpmalar bilen mübäreklediler. Maýsa Mämmetjumaýewanyň ýolbaşçylgynda estrada sungaty käfedrasynyň hünärmenleri üýtgeşik şahsyýet, beýik aýdymçy we halypa Medeniýet Şahberdiýewanyň terjimehalynyň şanly sahyplary bilen tnayşdyrýan fotosuratlar sergisini taýýarlapdyrlar.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Watandaşlarymyza Çagalary Goramagyň Halkara Güni Mynasybetli Gutlag Haty Bilen Ýüzlendi

turkmenhabargullugy

Sagdyn Iýmitlenmek

Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginde Germanýanyň Ilçisi Bilen Duşuşyk

syrach