26.9 C
Aşkabat
02.05.2024
DÜNÝÄ

DEMIRGAZYK KOREÝA GÜNORTA KOREÝA DEGIŞLI ADA HÜJÜM ETDI

Demirgazyk Koreýa Günorta Koreýa degişli ada hüjüm etdi.

1200 adamyñ ýaşaýan adasynda hüjüm sebäpli käbir öýleriñ ýanandygy we 14 esger bilen ýönekeý 2 adamyñ ýaralandygyny bildirildi.

Günorta Koreýa hüjüm dowam eden halatynda berk garşylyk görkezmek bilen hemle atdy.

Hüjümiñ häzirlikçe togtadylandygy habar berildi.

Günorta Koreýa hökümeti goşunyna adatdan daşary ýagdaýa geçilmegi we F-16 kysymly harby uçarlaryñ taýar bolmagy üçin görkezme berdi.

Adanyñ ýaşaýjylary hem balykçy gämileri bilen sebitden gaçmaga çalyşýar.

Günorta Koreýanyñ Prezidenti Le Mýung Bak çaknyşygyñ möwjemezligi üçin çäre görülmegini isledi.

İki ýurduñ arasyndaky gatnaşyklar mart aýynda Günorta Koreýanyñ deñiz flodyna degişli gäminiñ batmagy we 46 deñizçiniñ ýogalmagy sebäpli dartgynly günleri başdan geçirýärdi.

Seul dolanşygy Demirgazyk Koreýanyñ gämini torpido bilen batyrandygyny goldaýar.

Demirgazyk Koreýanyñ Günorta Koreýa degişli ada eden hüjümi 1950-1953-nji ýyldaky Koreýa urşyndan soñ başdan geçirlen iñ uly serhet çaknyşygy hökmünde bilinýär.

referans: www.trturkmen.com

Degişli makalalar

EÝRAN GEPLEŞIKLERE TAÝAR

syrach

ABŞ Nebitiň Bahalaryny Durnuklaşdyrmak Maksady Bilen G20-de Saud Arabystanyna Ýüzlenmek Isleýär

turkmenhabargullugy

Russiýa Kontinetara Balistik Roketany Synap Gördi

syrach