21.9 C
Aşkabat
17.05.2024
YLYM

Türkmen elipbiýi.

Türkmen elipbiýi, Türkmenistanda Türkmen dili üçin ulanylýan latyn grafikasy elipbiýidir.

Türkmen elipbiýi, latyn grafikasyna görä ýazylyp 1993 ýyldan bäri Türkmenistanda durmuşyň ähli pudaklarynda ulanylmaga başlandy. Ol 1930-njy ýyllarda ulanylan latyn we ondan soň 1991-nji ýyla çenli ulanylan Kiril elipbiýden tapawutlanýar. Türkmen elipbiýinde 30 sany harp bar.

Çekimli we çekimsizler:

a, e, ä, y, i, o, ö, u, ü harplary çekimli sesleri, beýleki harplar bolsa çekimsiz sesleri aňlatmak üçin ulanylýar.

Türkmen elipbiýinde ýok bolan harplar:

Esasy ýalňyşlyklaryň biri türkmen elipbiýinde ýok bolan harplary ulanmakdyr. Olar beýleki latyn elipbiýlerinde bolan Q/q, X/x, C/c, V/v ýaly harplardyr. Bulary ulanmak ýalňyşlykdyr.

Käbir goýberilýän ýalňyşlyklar:

Käbir harplar türkmen dilinde ulanylmaýar.

– Viktoriýa däl Wiktoriýa bolmaly

– Quentin Tarantino däl Kwentin Tarantino

– taxi, maximum däl taksi,maksimum

– capital däl kapital


Käbir sesler käbir sözlerde ýazylmaýar:

– kyýn däl kyn

– uzyýn däl uzyn

– dolly(göwrüm) däl doly


Käbir ýokardaka meňzeş ýagdaýlarda bu sesler ýazylýar:

– dün däl düýn

Türkmen dilinde sözler b, d, j sesleri bilen gutarmaýar

ad däl at,     ýab däl ýap,  saj däl saç

Käbir goýberilýän ýalňyşlyklar (Düzeltme):

– Viktoriýa – bu at bolandygy üçin üýtgedilip ýazylmaýar. Edil aýdylyşy ýaly ýazylýar. 

– Quentin Tarantino hem şeýle. 

Käbir goýberilýän ýalňyşlyklar (Bellik):

– Tehniki sözler we şoňa meňzeş halkara sözleri üýtedilmeýär, bolşy ýaly ýazylýar. Mysal üçin: wideo däl, video, Wenise däl, Venice.

Nädip dogry türkmençe ýazmaly?

– Türkmençe ýazuwy dürs bolan bir resminama, websahypa, kitaplara seretmeli. Meselem:Türkmenistanyň salgyt gullugy– Sözlük we beýleki dürs ýazuw gollanmalaryndan peýdalanmaly.

– Bilýän adamlardan soramaly

– Viktoriýa däl Wiktoriýa bolmaly – Quentin Tarantino däl Kwentin Tarantino Wiktoriýa we Kwentin Tarantino dogry. Sebäbi (V) (Q) harplary türkmen elipbisinde ýok. Ýok harplar bilen nädip ýazmak mümkin bolýanmyş? (Qu) eşdilýändigi sebäbe görä (Kw) dogry.

Näme üçin dürs ýazuw gerek?

– Bir edebi diliň barlygy we ösüşi onuň dürs we belli bir ülňülere görä ýazylýandygyna baglydyr.

– Dogry aragatnaşygy ýola goýmak.

– Diliň peýdalanyşynda eden-etdilikden gaça durmak

 

 

Degişli makalalar

Üstünlikler we Şowsuzlyklar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

GÖZÝAŞYN DÖKE BAŞLADY

syrach