16.9 C
Aşkabat
18.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Pagta hasylyny ýygnamak möwsümi badalga aldy.

Türkmenistanda möhüm oba hojalyk çäresi bolan pagta hasylyny ýygnamak möwsümi badalga aldy. Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň geçen hepdede bolan mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pagta ýygym möwsüminiň başlanmaly senesini tassyklady. Bu gün bolsa döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermeginde bir wagtyň özünde Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň ekerançylary pagta ýygymyna başladylar. Birneme gijräk, ýagny 7-nji sentýabrda ýurdumyzyň demirgazyk welaýaty bolan Daşoguz welaýatynyň pagtaçylary hem hasyl ýygnamak möwsümine girişerler. 

Hasyl ýygnamagyň uly möwsümini “ak kerwenler” bilen açmak türkmen pagtaçylarynyň öňden gelýän dähbidir, ol täze taryhy eýýamda dowam etdirilýär. Häzirki wagtda daýhanlaryň baş wezipesi ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny ekerançylyk meýdanlaryndan öz wagtynda we ýitgisiz ýygnamakdan hem-de ony Watan harmanyna tabşyrmakdan ybaratdyr. 

Pagta türkmen ekerançylygynda möhüm ekin bolup durýar. Ol “ak altyn” diýlip tötänleýin atlandyrylmaýar, sebäbi ol ýurdumyzyň eksportunyň saldamly bölegidir, Türkmenistanda dokma senagatynyň depginli ösýän häzirki zaman kärhanalarynyň onlarçasy üçin çig mal bolup durýar. 

Geçen ýyl ýurdumyzyň pagtaçylary döwletimize 1 million 110 müň tonna golaý pagta hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler. Bu gazanylan üstünlik hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň ýene-de bir subutnamasydyr, ol obasenagat toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. 

Milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan öňdebaryjy reformalaryň we uly möçberli özgertmeleriň çäklerinde oba hojalyk pudagynyň düzümlerini tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmaga we döwrebaplaşdyrmaga, ýurdumyzyň hem-de dünýäniň oba hojalyk ylmyň öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryny iş tejribesine giňden ornaşdyrmaga, oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmäge, hünärli işgärleri taýýarlamaga ilkinji nobatda üns berilýär. 

Ýokarda agzalan ugurlaryň her biri boýunça netijeli çäreleriň toplumyny “Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasy” özünde jemleýär, ol ýurdumyzyň obasenagat toplumyny hil taýdan täze sepgitlere çykarar we şeýlelikde, ykdysady taýdan kuwwatly we gülläp ösýän döwlet hökmünde ýurdumyzyň ornuny has-da berkider. Hususan-da, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň her bir welaýatynyň ýerli toprak-howa şertleri nazara alnyp işlenip taýýarlanylan, ylmy taýdan esaslandyrylan oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň usullaryny peýdalanmak, oba hojalyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak we olary suwaryş suwy bilen üpjün etmek maksady bilen täsirli çäreler görülýär. Şunuň bilen bir hatarda ylmy taýdan seçgi geçirmek, gowaçanyň çalt ýetişýändigi, hasyllylygy we süýüminiň ýokary tapawutlanýan täze etraplaşdyrylan sortlaryny döretmek babatda işler işjeňleşdirildi. 

Ýurdumyzda pagtany gaýtadan işlemegiň möçberleriniň artmagyna bar bolan häzirki zaman pagta arassalaýjy kärhanalaryň durkuny täzelemek hem-de täze kärhanalary gurmak işleri ýardam eder. 

Mysal üçin, ýakyn iki ýylda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda we Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynda gowaça çigidini gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen, her biriniň ýyllyk kuwwaty 40 müň tonna bolan pagta arassalaýjy täze kärhanalar gurlar. Mundan başga hem “Türkmenpagta” döwlet konserniniň buýurmasy boýunça Lebap welaýatynyň Beýik Türkmenbaşy etrabynda hem-de Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda ýerleşen pagta arassalaýjy zawodlarynda täze önümçilik sehleri gurlar. 

Şu ýylyň martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi, şoňa laýyklykda Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynda we Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda gowaça çigidini gaýtadan işlemek boýunça her biriniň ýyllyk kuwwaty 40 müň tonna bolan pagta arassalaýjy kärhanalarynyň ikisi gurlar. Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndaky pagta arassalaýjy kärhananyň çäklerinde täze önümçilik sehi gurlar. 

Iň täze enjamlar bilen üpjün edilen bu zawodlar gowaça ösdürip ýetişdirmegi täze derejä çykarar. Sebäbi olar diňe tohumlyk gowaça çigidini gaýtadan işlemek, gönejaý taýýarlanylan ýokary hilli tohumlary almak üçin niýetlenendir. Soňra olar bereketli türkmen topragyna ekiler we has ýokary hasyly almak üçin esas bolar. Bu desgalary 2015-nji ýylyň aprelinde ulanmaga tabşyrmak bellenildi. 

Döwletimiz tarapyndan pagtaçylygyň tehniki üpjünçiliginiň derejesini ýokarlanlyrmaga ep-esli serişdeleriň berilýändigini ýene-de bir gezek nygtap geçmeli. Şonuň netijesinde häzirki wagtda meşhur daşary ýurtly önüm öndürijilerden getirilen ýokary öndürijilikli pagta ýygyjy kombaýnlar, traktorlar we beýleki ýöriteleşdirilen maşynlar, enjamlar pudagyň tehniki parkynyň esasyny düzýär. Şunda daýhan birleşiklerine tehniki taýdan hyzmat etmek, agrotehniki kadalara laýyklykda tohumlar, mineral dökünler, suw bilen üpjün etmek hem-de hyzmatlaryň beýleki görnüşleri ýeňillikli şertlerde amala aşyrylýar. 

Obada häzirki zaman ykdysady gatnaşyklaryny kemala getirmek, pagta öndürijiler bilen özara hasaplaşyklaryň usulyny kämilleşdirmek maksady bilen täsirli çäreler görülýär. Mysal üçin, Türkmenistanda orta we inçe süýümli pagtanyň, şeýle hem gowaçanyň ýokary önümli sortlarynyň tohumynyň satyn alyş nyrhlary yzygiderli ýokarlandyrylýar. 

2011-nji ýyldan başlap pagtaçylara döwlet buýurmasyndan artyk öndürilen pagtany senagat taýdan gaýtadan işlemekden alnan süýümi, linti, ulýugy, şol sanda daşary ýurtlara ýerlemek mümkinçiligi berildi. Olar bu işi özbaşdak ýagdaýda ýa-da “Ak altyn” döwlet kärhanasynyň üsti bilen, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda ýa bolmasa döwlet satyn alyş nyrhlary boýunça “Türkmenpagta” döwlet konsernine amala aşyryp, bilerler. Munuň özi daýhanlaryň zähmet öndürijiligini, olaryň has ýokary hasyl almaga gyzyklanmasyny ýokarlandyrmaga ýene-de bir ähmiýetli itergi boldy. 

Oba ýaşaýjylarynyň “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda” beýan edilen maddy hal-ýagdaýyny we durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň hem bu babatda uly ähmiýeti bardyr. 

Şu ýylyň noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň pagta önümleriniň III Halkara sergisini-ýarmarkasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilýän bu maslahatyň esasy maksady pudagyň eksport mümkinçiliklerini, ýurdumyzyň ykdysadyýetiň bu möhüm ugrunda gazanan üstünliklerini tanyşdyrmakdan, pagta süýümini gaýtadan işlemek, enjamlary öndürmek we başgalar babatda ýöriteleşýän iri dünýä kompaniýalary bilen uzak möhletli hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan hem-de giňeltmekden ybaratdyr. 

Häzirki pagta ýygym möwsüminde Türkmenistanda 1 million 50 müň tonna “ak altyn” taýýarlamak meýilleşdirilýär, şol sanda Ahal welaýatynda – 205 müň, Daşoguz welaýatynda – 230 müň, Lebap welaýatynda – 300 müň, Mary welaýatynda – 310 müň we Balkan welaýatynda – 5 müň tonna pagta ýygmak göz öňünde tutulýar. Ozal hem bolşy ýaly, pagta ýetişdirilen meýdanyň umumy möçberi 550 müň gektardan ybaratdyr. Şonça meýdanda ýazda pagtanyň orta we inçe süýümli görnüşleri—“Ýolöten-7”, “133”, “S-2606”, “9871-I”, “Ýolöten – 14” we beýlekiler ekildi. 

Umuman, möwsümde pagta ýygyjy kombaýnlaryň 540-sy , şeýle hem çig mal-pagtany daşamak üçin niýetlenen ýük ulaglarynyň 2530-sy, traktorlaryň 2412-si we tirkegleriň 3611-si işlediler. Ýerlerde pagta ýygym möwsüminiň üznüksiz işiniň üpjün edilmegi üçin ulanylýan tehnikalara gije-gündizleýin tehniki we hyzmat işi guraldy, şeýle hem mehanizatorlaryň, sürüjileriň, pagtany el bilen ýygýanlaryň netijeli işlemegi hem-de gowy dynç almaklary üçin zerur bolan şertler döredildi. 

Pagta ýygymyna tehnikalary goýbermegiň öňüsyrasynda gowaçalaryň ýapragyny düşürmek üçin zerur möçberde defoliant satyn alyndy. Hemişe bolşy ýaly, bu işe diňe bir traktorlar däl, eýsem, raýat awiasiýasynyň ýörite uçarlary hem çekiler. 

Pagtanyň täze hasylyny kabul etmek üçin taýýar ediş nokatlarynyň 159-sy we ýurdumyzyň pagta arassalaýjy zawodlarynyň 36-sy taýýar edildi. Kabul ediş nokatlarynyň we zawodlaryň ýanyndaky laboratoriýalarda “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň hünärmenleri gelip gowuşýan önümiň hiline berk gözegçiligi üpjün ederler. Hasyl “Ak altyn” döwlet pagta söwdasy kärhanasynyň we pagtany öndürijileriň wekilleriniň gatnaşmagynda kabul edilýär. 

Öňdebaryjy pagtaçy kärendeçileriň, mülkdarlaryň, daýhanlaryň, kombaýnçylaryň we sürüjileriň işini höweslendirmek üçin 2013-nji ýylyň pagta ýygym möwsüminde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşi we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi edaralary, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky, “Türkmenpagta” döwlet konserni, şeýle hem “Galkynyş”, “Nesil” we “Bereketli toprak” gazetleriniň redaksiýalary däp bolan bäsleşigi yglan etdiler. 

… Şu gün, ir ertirden Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň, Lebap welaýatynyň Serdarabat we Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň kabul ediş nokatlarynda hem-de pagta arassalaýjy zawodlarynda baýramçylyk ruhy höküm sürdi. Bu ýere töwerekdäki meýdanlardan Döwlet baýdagy, halylar we şygarlar bilen bezelen ulaglaryň we tirkegli traktorlaryň üsti “ak altynyň” bereketli hasyly bilen doldurylan kerwenleri geldiler. 

Halkymyzyň asylly däbine görä, hasyl ýygymynyň başlanmagyna hormatly ýaşulular we din wekilleri ak pata berdiler. Olar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Watanymyzyň, bütin türkmen halkynyň abadançylygyny we gülläp ösmegini Beýik Biribardan dileg etdiler. 

“Ak kerwenleriň başyny ahalteke bedewlerine atlanan ýigitleriň ugratmagynda üsti pagtadan doldurylan çuwally düýeler çekdiler. Munuň özi türkmen halkynyň pagta ösdürip ýetişdirmeginiň köpasyrlyk taryhyny şöhlelendirdi. 

Möwsümiň başlanmagyna bagyşlanan dabaralara welaýat we etrap häkimlikleriniň, “Türkmenpagta” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň, “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň, daýhan birleşikleriniň düzümleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň we pudaklaýyn ylmy-barlag institutlarynyň wekilleri, öňdebaryjy agronomlar, tejribeli kombaýnçylar, sürüjiler hem-de kärendeçi pagtaçylar gatnaşdylar. 

Şeýle hem oba hojalyk tehnikalarynyň, oba hojalyk, şol sanda pagta önümleriniň, gaýtadan işleýän we dokma senagatynyň önümleriniň sergileri guraldy. Sebitleriň artistleri, aýdymçylary, tans we halk döredijilik toparlary konsert bilen çykyş etdiler. Sportuň milli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Önümiçiligiň öňdebaryjylaryna, ussat kärendeçilere—pagtanyň bereketli hasylyny ýetişdiren pagtaçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Degişli makalalar

Dünýä metbugatynyň sahypalarynda.

syrach

Atavatan Türkmenistan Žurnaly

syrach

Täze Çandybil şaýoly ulanmaga başlady.

syrach