15.9 C
Aşkabat
18.05.2024
YKDYSADYÝET

Türkmen-Eýran Söwda-Ykdysady Hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Tähranda iş sapary bilen boldy. Saparyň çäklerinde türkmen-eýran söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara toparynyň eýran tarapyna başlyklyk ediji, EYR-niň Ýol we şäher gurluşyk ministri Abbas Ahmad Ahundi bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny we ulag ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň meselelerine seretdiler.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň wekiliýeti Eýran Yslam Republikasynyň Nebit ministri Bižan Namdar Zangene bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri boýunça özara pikir alşyp, energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň meselerine seretdiler.

Şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Eýran Yslam Republikasynyň Daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky oňyn gatnaşyklary alyp barmagyň we syýasy, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar hyzmatdaşlygynyň meselelerine seredildi.

Şol günüň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti «Türkmenistanyň ykdysady mümkinçilikleri» atly türkmen-eýran işewürler maslahatyna gatnaşdy. Maslahatyň işine iki ýurduň ministrlikleriniň we edaralarynyň, işewürler toparlarynyň we hususy kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Eýranyň Senagat, magdanlar we söwda ministri Mohammad Reza Nematzade bilen hem duşuşygy geçirildi.

Şeýle hem, Türkmenistanyň wekiliýeti bilelikdäki türkmen-eýran Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparynyň nobatdaky on dördünji mejlisiniň işine gatnaşdy.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparynyň nobatdaky on dördünji mejlisiniň ahyrynda jemleýji Teswirnama gol çekildi. Şeýle hem «Türkmenawtoýollary» Döwlet konserni we EYR-niň Ýol we şäher gurluşyk ministrliginiň arasynda «Sarahs-Sarahs» gözegçilik-geçiriş nokadynda täze awtoulag köprüsini gurmak baradaky Teswirnama gol çekildi.

Degişli makalalar

Berkarar Döwletimiziň Bagtyýarlyk Döwrüniň Ýyl Ýazgysy-2019-njy Ýyl: Söwda Toplumy we Telekeçilik

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Türkmenistanda BMG-niň Senagat Ösüşi Boýunça Guramasynyň Ýolbaşçysy Bilen Duşuşyk

syrach