26.1 C
Aşkabat
20.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gymmat bahaly metallaryň we gymmat bahaly daşlaryň dolanyşygy bilen baglanyşykly işleriň guralyşyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar baradaky komitetiniň ady üýtgedilip, ol Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar gaznasy diýlip atlandyryldy hem-de onuň Düzgünnamasy tassyklanyldy.

Resminama bilen Türkmenistanyň Merkezi bankyna Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurduň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek, welaýatlaryň we etraplaryň toprak-howa şertlerine laýyklykda oba hojalyk ekinlerini görnüşleri boýunça ýerleşdirmek, ekin dolanyşygyny ylmy esasda alyp barmak hem-de ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak arkaly oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini has-da artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, welaýatlar boýunça 2021-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aral deňzi sebitinde durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak, onuň ýaramaz täsirini peseltmek maksady bilen, geljekde bu ugurda amala aşyryljak işler babatynda Aral milli maksatnamasyny işläp taýýarlamak üçin Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasyny işläp taýýarlamak we onuň durmuşa geçirilmegine gözegçilik etmek boýunça Pudagara topary döredildi.

Şeýle hem resminama bilen Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasynyň Konsepsiýasy, ýokarda agzalan Pudagara toparyň düzümi hem-de Düzgünnamasy tassyklanyldy.

Degişli makalalar

Wenada Türkmenistanyň we Awstriýanyň Arasynda Diplomatik Gatnaşyklaryň Ýola Goýulmagynyň 25 Ýyllygyna Bagyşlanan Maslahat Geçirildi

“Hoş Zaman” Kompaniýasy “Aşgabat 2017” Oýunlarynyň Resmi Hyzmatdaşy

Türkmenistan Beýik Ýüpek Ýolunyň Owgan Ugruny Dikeltdi