18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
SPORT

Türkmen futbolçylary AFK-2012 Çagyryş kubogy ugrundaky göreşi dowam etdirerler

Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň, Hindistanyň, Pakistanyň we Taýwanyň ýygyndylarynyň gatnaşmagynda AFK-2012 Çagyryş kubogy ugrundaky saýlama ýaryş tamamlandy.

Biziň futbolçylarymyz “B” toparynyň jemleýji tapgyrynda 2008-nji ýylyň Çagyryş kubogynyň eýesi, 2011-nji ýylyň Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň finalynda çykyş eden Hindistanyň topary bilen duşuşdylar. Ýygyndylaryň ikisi hem öňki oýunlarda iki ýeňiş gazanyp, ýaryşyň final bölegine möhletinden öň çykdylar. Şonuň üçin hem bu duşuşykda toparlaryň ikisiniň hem tälimçilerinde ätiýaçdaky oýunçylary barlap görmek mümkinçiligi döredi. Mysal üçin, Türkmenistanyň ýygyndysynyň başky düzüminde ilkinji gezek derwezeçi M.Orazmuhammedow, şeýle hem oýunçylar G.Rejepow, M.Muhammedow we A.Gurbani oýnamaga çykdylar.

Duşuşygyň birinji ýarymynda hasap açylmady. Ýöne arakesme tamamlanan badyna biziň toparymyz özüniň hüjümi bilen tomaşaçylary begendirdi – 52-nji minutda G.Çonkaýew 11 metrlik jerime pökgüsini dürs urup, hasaby açdy.

Hindistanyň toparynyň ýaryşda iň köp pökgi geçiren oýunçysy Ž.Lalpehlua hasaby deňledi – 1:1. Oýnuň ahyryna çenli bu hasap üýtgemedi.

Netijede bäsdeşleriň her biri ýaryşyň üç tapgyrynyň jemleri boýunça 7 oçko toplady. Ýöne Hindistanyň ýygyndysynyň umumy görkezijisi ýokary boldy. Şeýlelikde, Hindistanyň topary birinji ýeri eýeledi. Ýeri gelende aýtsak, bu görkezijiler ýollanmalara hiç hili täsir etmedi.

Şeýlelikde, AFK-2012 Çagyryş kubogy ugrundaky bäsleşigi Türkmenistanyň, Hindistanyň, Palestinanyň, Filippinleriň, Maldiw adalarynyň, Täjigistanyň ýygyndylary dowam etdirerler. Ýaryşyň finalçylarynyň ýene-de ikisi “D” toparyndaky saýlama oýunlaryň netijeleri boýunça kesgitleniler. Şol ýaryşlar 7-11-nji aprelde Katmanduda kubogyň häzirki eýesi KHDR-iň, Nepalyň, Şri-Lankanyň we Owganystanyň ýygyndylarynyň gatnaşmagynda geçiriler. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Guşakly Göreş, 3×3 Basketbol we Bilýard Boýunça Ýaryşlara Badalga Berler

Tapgyryň Soňky Duşuşygynda “Ahal” “Energetikden” Üstün Çykdy

Ahal öňdebaryjynyň yzyndan ýetýär.

syrach