24.9 C
Aşkabat
02.05.2024
YKDYSADYÝET

Türkmen Koreýa Işewürler Maslahaty

Türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we Koreýanyň halkara söwdasy assosiasiýasy tarapyndan guralan türkmen-koreý işewürler maslahaty boldy.Koreýa Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyga ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Pak Kyn Heniň arasynda 2014-nji ýylyň iýunynda Aşgabatda ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda ykdysadyýet ulgamynda hyzmatdaşlygy has depginli ösdürmegiň, haryt dolanyşygyny we maýa goýumlaryny artdyryp, iki ýurduň dürli düzümleriniň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny nygtady.  Döwlet Baştutanlarynyň başlangyjy boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryna işjeň gatnaşmaga Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň taýýardygy dürli derejedäki duşuşyklar mahaly ençeme gezek tassyklanyldy. Bu babatda şu maslahat dostlukly ýurduň  esasy kompaniýalarynyň wekillerine işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. 

Bu ýere ýygnananlar duşuşygy açyp, soňky ýyllarda türkmen-koreý döwletara gatnaşyklarynyň hil taýdan ösüş derejesine çykandygyny bellediler. Türkmenistanyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Baştutanlarynyň özara döwlet saparlarynyň barşynda gazanylan ylalaşyklar we gol çekilen möhüm resminamalar ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga, özara hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge kuwwatly itergi berdi.  Soňky ýyllarda haryt dolanyşygy boýunça görkezijiniň ABŞ-nyň 200 million dollaryndan 1,9 milliard dollaryna çenli artandygy hem munuň aýdyň mysalydyr. 

Ýurdumyzda Koreýanyň işewürlik düzümleriniň işjeňleşmegi hem ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetine şaýatlyk edýär. Birnäçe ýyllaryň dowamynda Koreýa Respublikasynyň iri kompaniýalary nebitgaz, himiýa we ulag toplumlary ýaly milli ykdysadyýetimiziň ugurlarynda üstünlikli işleýärler. Şu maslahata “LG International Corp.”, “Hyndai Engineering Co.,Ltd”, “DAEOO INTERNATIONAL CORPORATION”, SK C&C, DGI (Digital Graphics Incorporation)”, “Clobal Asia Trading Co.”, KYUNGWON TRADING CO”, SUN WOO Co.Ltd.”, “SN Engineering”, “HSnK Architecture& Engineering”, “HS INTERNATIONAL INC”, “NAE WOI KOREA., LTD” kompaniýalarynyň we beýlekileriň wekilleriniň gatnaşmagy türkmen bazarynda ornuny giňeltmäge Koreýanyň işewürleriniň yzygiderli artýan gyzyklanmasynyň aýdyň tassyklanmasydyr. 

Işewürler maslahatynyň barşynda myhmanlar Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän, ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmaga, türkmenistanlylaryň   abadan we bagtly durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen döredijilikli syýasaty netijesinde gazanylan üstünlikleri bilen tanyşdyryldy. Türkmen tarapynyň wekilleriniň çykyşlarynda durmuş-ykdysady ösüşiniň milli gazananlaryny, ýurdumyzyň  ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň ägirt uly serişdeler we eksport kuwwatynyň bardygyny tassyklaýan görkezijiler getirildi. 

Häzirki wagtda ýurdumyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn maksatnamalar ykdysadyýetimizi doly döwrebaplaşdyrmaga, kuwwatly senagat düzümlerini döretmäge, durmuş ugurlaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Türkmen döwleti ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeler strategiýasyny durmuşa geçirip, öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de iň oňat dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmaga ugur aldy. Bu babatda türkmen–koreý netijeli hyzmatdaşlygy üçin iň amatly mümkinçilikler bardyr. 

Koreýa wekiliýetiniň agzalary öz nobatynda türkmen hyzmatdaşlaryny dünýä bazarynda ýokary tehnologiýalaryň ykrar edilen liderleri bolup durýan esasy kompaniýalaryň mümkinçilikleri we teklipleri bilen tanyşdyrdylar. Şunuň bilen baglylykda,  ýerli çig maly gaýtadan işlemäge esaslanan, hususan-da, energetikada, oba hojalygynda, dokma senagatynda we beýleki pudaklarda ýokary tehnologiki önümçilikleri döretmekde hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenildi. 

Dostlukly ýurduň işewürler toparlarynyň wekilleri ekologiýa, gurluşyk, bilim, ulag, aragatnaşyk ýaly ileri tutulýan ugurlarda, alternatiw energiýa çeşmelerini iş ýüzünde peýdalanmak babatda özara gatnaşyklary giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini  beýan etdiler. Myhmanlar milli we sebit ähmiýetli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, türkmen ykdysadyýetiniň esasy pudaklary üçin hünärli işgärleri taýýarlamaga goşant goşmak üçin iň täze ylmy we önümçilik işläp taýýarlamalaryny bermäge taýýardyklaryny tassykladylar. 

Maslahata gatnaşyjylar söwda-ykdysady ulgamynda gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigini belläp, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň gerimini giňeltmek we möçberini artdyrmak barada pikir aýtdylar. Bu babatda kiçi we orta işewürligiň özara söwda gatnaşmagyny işjeň höweslendirmegiň zerurdygy nygtaldy. Yzygiderli esasda geçirilýän halkara sergileri, ýarmarkalary, maslahatlar we beýleki çäreler muňa ýardam etmäge gönükdirilendir.  

Duşuşygyň ahyrynda bu ýere ýygnananlar döwrüň ruhuna we deňhukukly hyzmatdaşlyga kybap gelýän hyzmatdaşlygyň netijeli nusgasyny işläp taýýarlamak babatda şeýle işewür duşuşyklaryň ähmiýetini belläp, onuň türkmen-koreý gatnaşyklaryna täze depgin berjekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşi hakyndaky wideofilm  maslahatyň myhmanlary üçin goşmaça maglumat boldy.

Türkmenistanyň ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we Koreýa Respublikasynyň wekiliýetiniň agzalarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn duşuşyklaryň çäklerinde bilelikdäki anyk ädimler içgin ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de özara gatnaşyklaryň meýilnamalary  bellenildi.

Degişli makalalar

Döwlet Maldarçylyk Hojalyklary Owlak-Guzy Almak Borçnamalaryny Ýerine Ýetirdiler

Abu-Dabi Ösüş Gaznasy Türkmenistanda Gazhimiýa Toplumynyň Gurluşygynyň Taslamasyny Maliýeleşdirmäge Gatnaşar

Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň Agzalarynyň Umumy Ýygnagy