23.1 C
Aşkabat
20.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Prezidentimiz Türkiýäniň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisini Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Türkiýe Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şewki Mütewelliogluny kabul etdi.

Myhman döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işine beren hemmetaraplaýyn goldawy üçin sag bolsun aýtdy. Ilçi şol goldawy öz işinde hemişe duýandygyny nygtady. Diplomatyň aýdyşy ýaly, tutuş dünýäde  oňyn daşary syýasaty bilen tanalýan ýurdumyzda Türkiýe Respublikasyna wekilçilik etmek onuň üçin uly hormat boldy. Şol syýasat hemişelik Bitaraplyk derejesine hem-de giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlara esaslanandyr. Ilçi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň okgunly depgine eýe bolandygyny belläp, türk halkynyň doganlyk türkmen halkynyň saýlap alan döredijilik ýolunda gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden buýsanýandygyny we guwanýandygyny aýratyn nygtady.  

Milli  Liderimiz Türkmenistanyň Türkiýe bilen dostlukly we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklamak bilen, türkmen-türk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanmak bilen belledi. Şol gatnaşyklar ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, abraýly sebit we halkara guramalarynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň yzygiderli geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Döwlet Baştutanymyz Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana hem-de Premýer-ministri Ahmet Dawutogluna mähirli salam aýdyp, Ankarada mart aýynyň başynda geçirilen türkmen-türk duşuşygynyň netijeliligini belledi. Onuň jemleri boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Şol ylalaşyklar örän uly kuwwata eýe bolan geljegi nazarlaýan döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge täze itergi berdi.   

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz hem-de türk ilçisi özara bähbitlilik we uzakmöhletleýinlik ýörelgelerinde guralýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Dürli ugurlarda amala aşyrylan we häzir durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalaryň onlarçasy, iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň okgunly ýokarlanmagy, işjeň türkmen-türk işewür gatnaşyklary, yzygiderli guralýan sergiler we işewürler maslahatlary munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň we diwersifikasiýa ýoly bilen, häzirki ýagdaýy we geljegi nazara almak bilen, onuň möhüm ugurlaryny işläp taýýarlamakda Hökümetara türkmen-türk toparynyň hem-de bilelikdäki Işewürler geňeşiniň ähmiýetli orny bellenildi. 

Döwlet Baştutanymyz hem-de myhman söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan häsiýetini nygtap, iki ýurduň halklarynyň taryhdan gözbaş alýan ruhy we medeni umumylygyna esaslanan medeni-gumanitar ulgamda däbe öwrülen hyzmatdaşlygyň möhümdigini aýratyn bellediler.    

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz türk ilçisine döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge goşan önjeýli goşandy üçin minnetdarlyk bildirip, oňa geljekde hem işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi Şewki Mütewelliogly öz işine berlen ýokary baha we mähirli kabul edilendigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, özüniň dört ýyldan gowrak işlän ýurdy bolan ata Watany Türkmenistandan ajaýyp duýgular we täsirler bilen gidýändigini aýratyn buýsanç bilen nygtady. Şunda myhman öz tarapyndan geljekde hem däbe öwrülen dostlukly, doganlyk türkmen-türk gatnaşyklarynyň berkidilmegine hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigine ynandyrdy. Ilçi pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy halkara derejesine eýe bolan, ýetip gelýän Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.  

Degişli makalalar

Badhyz we Köýtendag Döwlet Goraghanalarynyň Çäkleri Giňeldildi

syrach

Mejlisde Ýapon-Türkmen Dostlugy Parlament Assosiasiýasynyň Ýolbaşçysy Endo Toşiaki Bilen Duşuşyk Geçirildi

Palestinanyň Türkmenistandaky Medeniýet Günleri Dostluk Konserti Bilen Tamamlandy