16.9 C
Aşkabat
18.05.2024
SPORT

Türkmen Pälwanlarynyň Nobatdaky Üstünligi

Gyrgyzystanyň paýtagtynda Baýaman Erkinbaýewiň hatyrasyna bagyşlanan “Alyş” guşakly göreş boýunça “Gran-pri” tapgyrynyň halkara ýaryşy geçirildi. Şonda türkmenistanlylar 11 medal gazanmagy başardylar. Şol medallaryň altysy altyn, ikisi kümüş we üçüsi bürünç medallardyr. Bu, elbetde, uly üstünlik bolup, ol biziň watandaşlarymyza umumy toparlaýyn ýaryşda birinji orny üpjün etdi. Türkmen pälwanlary bu ýeňşini ýetip gelýän Nowruz baýramyna bagyşladylar.

Kožomkul adyndaky Sport köşgünde geçirilen bäsleşikler hasap boýunça 13-nji we “Gran-pri” derejesinde ikinji ýaryş boldy. Bişkek şäherine dünýäniň 14 ýurdundan—Russiýadan, Gollandiýadan, Türkiýeden, Pakistandan, Eýrandan, Belarusdan we beýleki döwletlerden pälwanlaryň 100-den gowragy geldiler. Türkmenistanyň ýygyndy toparyna türgenleriň 12-si (erkekler we zenanlar toparlarynda alty adamdan) wekilçilik edip, olaryň hemmesi diýen ýaly hormat münberine çykmagy başardylar. Gazanylan uly netije göreşiň bu görnüşinde Türkmenistanyň dünýä sport giňişliginde öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigini nobatdaky gezek tassyklady.

Zenanlaryň bäsleşiklerinde üç altyn, bir kümüş we iki bürünç medallary gazanyldy. 76 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden  Jahan Muhammedowanyň gazanan ýeňşi barada aýratyn durup geçmek gerek. Türkmenabat şäheriniň 1-nji sport mekdebiniň türgeni final tutluşygyny eminiň göreşe başlamaga rugsat berýän jürlewügi ýaňlanandan, bary-ýogy  19 sekunt geçenden soň  öz peýdasyna  tamamlady: netijeli tilsim Jahanyň bäsdeşini –eýranly türgen gyzy boýun egmäge mejbur etdi. 

Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby  Dinara Hallyýewanyň (66 kg çenli) wagtyndan öň gazanan ýeňşi hem uly täsir galdyrdy. Ol aýgytlaýjy tutluşykda ýaryşyň eýeleriniň wekili bilen duşuşdy. Biziň watandaş gyzymyzyň  garşydaşy onuň aýgytly hereketlerine garşy hiç zat edip bilmän, netijede, 0:6 hasabynda ýeňildi. 

Ýurdumyzyň sport gazananlarynyň üstüni üçünji altyn medaly bilen ýetiren şol ýokary okuw mekdebiň talyby Rano Uzakowa (72 kg çenli) tutluşygyny duşuşygyň ilkinji minudynyň ahyrynda öz peýdasyna tamamlady. 

Wise-çempion adyna Laçyn Badaglyýewa (52 kg çenli) mynasyp boldy, bürünç medallarynyň ikisini bolsa Zarina Abdyrahmanowa (60 kg çenli) we Maksuda Ýegenberdiýewa (75 kg-dan ýokary) gazandylar. 

Türkmen pälwanlarynyň toparynda gazanylan ýeňişleriň hem üçüsi möhletinden öň ýetilen uly sepgit boldy. Özi-de şu ýaryşda Pirguly Gurbandurdyýew bäsleşikleriň ýokary ussady bolmagy başardy:  finalda—80 kg çenli agram derejesinde Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Gyrgyzystanyň toparyndan bolan garşydaşyny 10 sekuntdan hem az wagtyň içinde ýeňmegi başardy.  

60 kg çenli agram derejesinde çykyş eden Tirkişgeldi Aýazow hem nobatdaky  altyn medalyny gazandy. Türkmen göreşi boýunça dünýäniň iki gezek çempiony we guşakly göreş boýunça dünýäniň häzirki çempiony 
“Gran-pri” ýaryşynda hem dünýäniň güýçli pälwany diýen derejesini tassyklap, ýaryşyň eýeleriniň wekiline final tutluşykda ýeňiş gazanmaga mümkinçilik bermedi. 

100 kilogramdan ýokary bolan  agram derejesinde geçirilen aýgytlaýjy tutluşyk gyzykly göreşleriň biri boldy. Şonda türkmenistanly Rejebaly Orazalyýew Russiýanyň ýygyndy toparyndan güýçli pälwany ynamly ýeňmegi başardy.

Kümüş medaly Öwezgeldi Berdiýew (90 kg çenli) gazandy, hormat münberiniň üçünji basgançagyna bolsa Wepa Orazmyradow  (100 kg çenli) çykmagy başardy. 

Türkmen türgenleriniň halypalarynyň—Serdarberdi Rejepberdiýewiň we Nasiba Surkiýewanyň pikirlerine görä, Bişkekde gazanylan üstünlik bu  türgenleşik işine köp ugurly çemeleşmäniň netijesi bolup, ol yzygiderli geçirilýän göçme türgenleşikler we ýaryşlar netijesinde öz miwelerini berýär. Gyrgyz ýaryşynyň öň ýanynda biziň pälwanlarymyz Gazagystanda geçirilen okuw-türgenleşikleriň çäklerinde öz ussatlyklaryny kämilleşdirdiler.

Gyrgyz ýaryşlary baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, şol ýerde tutluşyklaryň birnäçesine türkmen emininiň, halkara derejeli emin Nazardurdy Orazdurdyýewiň hyzmat edendigini bellemek gerek.  Ol guşakly göreşiň dürli görnüşleri boýunça ençeme dünýä çempionatlarynda, şol sanda Aşgabatda (2014 ý.) we Russiýanyň Orenburg şäherinde (2015 ý.) geçirilen türkmen göreşi boýunça dünýä bäsleşiklerinde eminlik etdi.

Mälim bolşy ýaly, dünýäniň 60-dan gowrak ýurdundan türgenleriň müňlerçesiniň gatnaşmagynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça  V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna  guşakly göreşiň iki görnüşi—nusgawy we türkmen göreşi girizildi. Türkmen pälwanlarynyň nobatdaky üstünlikleri olaryň V Aziýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etjekdigine uly ynam döredýär. Aziada-2017-niň açylmagyna bolsa bir ýarym ýyldan hem az wagt galdy.

Degişli makalalar

Dünýä Çempionatynda Türkmen Agyr Atletikaçysynyň Gazanan Bürünç Medaly

Türkmenistanyň Bilýard Sporty Federasiýasy Döredildi

syrach

Pauerlifting Boýunça Türkmen Türgenleriniň Dünýä Çempionatynda Gazanan Üstünlikleri

syrach