24.9 C
Aşkabat
02.05.2024
SPORT

Basketbol boýunça «Dostluk» Kubogyny

Aşgabat şäheriniň sport komitetiniň “Aşgabat-1” basketbol sport mekdebiniň topary ikinji gezek geçirilýän “Dostluk” Kubogynyň ýeňijisi boldy. Bu kubok 2010-njy ýylda basketbol ýetginjekler toparlary üçin döredilipdi. Şeýle üstünligi ilkinji gezek gazandylar, olar şu gün finalda geçen ýylyň bäsleşiginiň eňijisinden – “Olimp” sport mekdebiniň toparyndan – 70:59 hasabynda üstün çykdylar.

Finala tarap ýolda “Aşgabat-1“ topary ýarym finalda “Balkandan” 55:32 hasabynda üstün çykdy, “Olimp” bolsa “Lebapdan” 50:40 hasabynda üstün çykdy.

Iň gowy sport mekdepleriniň ikisiniň toparlarynyň final oýny, bäsleşigiň ähli oýunlary ýaly, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň bedenterbie – sagaldyş toplumynda geçirildi we tomaşaçylaryň hem hünärmenleriň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Ilkinji on minutlyk 23:13 hasabynda “Aşgabat-1” toparynyň peýdasyna tamamlandy. Ikinji tapgyryň jemleri boýunça ara tapawudy 16 oçko çenli artdyrdylar – hasap 38:22 boldy. Soňky tapgyrlaryň ikisinde “Olimp” sport mekdebiniň basketbolçylary hasap boýunça yza galmagyny birneme kemeltdiler, ýöne oýnuň barşynda düýpli özgerişlik döretmegi başarmadylar. Şeýlelik bilen Aşgabat şäheriniň sport komitetiniň basketbol sport mekdebiniň topary geçen ýylyň finalynda ýeňlişe uçramagynyň ahmyryndan çykyp, hormatly kubogyň eýesi boldy.

Üçuünji orun ugrunda geçirilen oýunda “Lebabyň” basketbolçylary özleriniň “Balkan” toparyndan bolan ýaşytdaşlaryndan 51:23 hasabynda üstün çykdylar we bassyr ikinji ýyl bürünç medalyň eýesi boldular.

Bäsleşigiň dabaraly ýapylyşynda onuň ýeňijilerine kubokdan we altyn medallardan başga-da pul baýraklary gowşuryldy.

Şonuň bilen bir wagtda “Dostluk” Kubogy ugrunda futbol boýunça paýtagtymyzda geçirilen bäsleşikde hem şu gün finala çykanlar belli boldy. Aýgytlaýjy oýunda “Ahal” we “Balkan” toparlary duşuşarlar. Ýarym final oýunlarynda Ahal welaýatynyň futbolçulary 3:2 hasabynda Mary welaýatyndan bolan bäsdeşlerinden üstün çykdylar, Balkan welaýatynyň wekilleri bolsa diňe goşmaça wagtyň hasabyna Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň “ÇÝORSM”-den 1:0 hasabynda üstün çykdylar (oýnuň esasy wagty – 0:0 hasabynda tamamlandy).

Oýnuň finaly we üçünji orun ugrunda bäsleşik 16-njy maýda “Köpetdag” stadionynda geçiriler.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmen Woleýbolçylary Aziýa Çempionatynyň Finalynda Çykyş Eder

syrach

Türkmenistanda Sagdyn Nesil Kemala Gelýär

Gazagystan Welosport Boýunça Altyn Medaly Eýrana Utdurdy