21.9 C
Aşkabat
03.05.2024
SPORT

Türkmen Talyplary Sport Çärelerine Uly Gyzyklanma Görkezdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda we daşary ýurtlarda 2015-nji ýylyň 1-nji we 30-njy aprel aralygynda «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» şygary bilen geçirilen köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we medeni-sagaldyş çäreleriniň biraýlygy Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy tarapyndan hem Ankaranyň Hajettepe Uniwersitetinde dabara bilen bellenilip geçildi. 
2015-nji ýylyň 26-njy aprelinde Ankaranyň Hajettepe Uniwersitetinde sportyň futbol, stol tenisi we küşt ugurlarynda bäleşikler geçirildi. Bäsleşige Türkiýäniň ähli ýerinden gelen türkmen talyplary uly gyzyklanma bildirdi.
Futbol boýunça geçirilen bäsleşikde Ýakyn Gündogar tehniki uniwersitetiniň talyplarynyň futbol komandasy 1-nji oruna, Gazi uniwersitetiniň futbol komandasy 2-nji oruna we Ankara uniwersitetiniň futbol topary bolsa 3-nji oruna mynasyp boldy.
Çärä gatnaşyp üstünlikli çykyş eden talyplara Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy tarapyndan ýadigärlik sowgatlar gowşuryldy.

Çärä gatnaşan talyplar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, biraýlygyň dowamynda Türkmenistan we daşary ýurtlar boýunça ozal görlüp-eşidilmedik gerim bilen köpçülikleýin sport çäreleriniň geçirilendigini buýsanç bilen bellediler.

trtturkmen 

Degişli makalalar

Turkmenistan Aşgabat 2017 Tanyşdyryş Wideo

syrach

Nowruz Baýramynyň Hormatyna Bäsleşikler

syrach

Ýurdumyzyň Futbol Çempionatynyň Bäşinji Tapgyryna Badalga Berildi