04.05.2024
YKDYSADYÝET

Türkmen-Tatar Işewürler Maslahaty

Paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilen türkmen-tatar işewürler maslahaty Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasynda netijeli söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ýola goýmakda täze ädim boldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan işewür duşuşyga gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine Tatarystanyň uly wekiliýeti geldi. Onuň düzümine hökümet düzümleriniň, pudaklaýyn ministrlikleriň, döwlet edaralarynyň we täjirçilik däl guramalaryň, ykdysady işiň dürli ugurlarynda ýöriteleşdirilen iri kompaniýalaryň hem-de kärhanalaryň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri girdiler.

Olaryň hatarynda “KamAZ”, “Tatneft” hem-de “Kazanyň dikuçar zawody” paýdarlar jemgyýetleri,  “Kazanyň sintetik kauçuk zawody”, “GMS topary” açyk paýdarlar jemgyýetleri, “Ak bars” holding kompaniýasy, “Maşdetal”, “KER–Holding”, “Aýna süýümli turbalar zawody”, “TEM” Söwda öýi”, “Medtehnika” we “Alkotorg”  jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetler, “Naberežnoçelniniň TEM-PO turba zawody” ýapyk paýdarlar jemgyýeti, “Kazanyň motogurluşyk önümçilik birleşigi”, “Kazankompressormaş”, “Tatarystan Respublikasynyň ösüş korporasiýasy”, “Innopolis” aýratyn ykdysady zolagy” hem-de “Tathimfarmpreparaty” paýdarlar jemgyýetleri bar. 

Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda Tatarystan  Respublikasynyň Maýa ösüşi agentliginiň, Söwda-senagat edarasynyň, Telekeçiligi goldamak baradaky gaznasynyň, Ylymlar akademiýasynyň wekilleri we beýlekiler bar.  

Türkmen tarapyndan duşuşyga ministrlikleriň hem-de edaralaryň, Döwlet konsernleriniň, birleşikleriniň, komitetleriniň, banklaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hem-de ýurdumyzyň käbir ýokary okuw mekdepleriniň we beýlekileriň wekilleri gatnaşdylar. 

Ýakyn we uzak möhletleýin geljek üçin özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny anyklamagy ugur edinen işewürler maslahatyna Türkmenistanda iş sapary bilen bolýan Tatarystan Respublikasynyň 
Prezidenti Rustam Minnihanowyň gatnaşmagy çärä aýratyn äheň berdi.

Tatarystanyň baştutany ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, Russiýa Federasiýasy bilen döwletara gatnaşyklaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän Türkmenistanyň we Tatarystanyň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.

Myhman Türkmenistanyň Tatarystan üçin hemişe strategik hyzmatdaş bolandygyny halklarymyzy köp zatlaryň, şol sanda ruhy-medeni umumylygyň, täze mazmuna eýe bolan özara gatnaşyklaryň baý tejribesine esaslanýan çuňňur, taryhy taýdan kemala gelen gatnaşyklaryň birleşdirýändigini nygtady. 

Rustam Minnihanow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge berýän uly ünsi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Tatarystanyň işewür gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi hem-de olary has-da ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam etmäge taýýardygyny tassyklady. 

Şunuň bilen baglylykda, Tatarystanyň we Türkmenistanyň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn tejribesi, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar işçi toparyň üstünlikli işleri barada bellenildi. Bu toparyň nobatdaky mejlisi şu ýylyň sentýabrynda geçirildi. Biziň ýurdumyz bilen  “KamAZ”, “Tatneft”, “KER–Holding” ýaly kompaniýalar, maşyngurluşyk kärhanalary netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. 

Tatarystanyň baştutanynyň belleýşi ýaly, bar bolan mümkinçilikler doly derejede ulanylmaýar. Ikitaraplaýyn haryt  dolanyşygynyň depginini güýçlendirmek gerek. Nebitgözleg we nebit çykarmak, gaz ibermek ýaly ugurlarda, awtomobil, uçar we gämi gurluşyk, energetika, himiýa önümlerini ibermek, derman senagaty we lukmançylyk, obasenagat toplumy we beýleki pudaklarda gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar.

 Häzir Tatarystan innowasiýalar ulgamyny işjeň ösdürýär we Russiýanyň milli maýa goýum ýagdaýy baradaky sanawynda öňdäki hatara çykyp, maýadarlar üçin düzümi döredýär diýip Rustan Minnihanow Respublikada döredilen aýratyn ykdysady zolaklaryň, senagat we tehnoparklaryň, injiniring we ylmy-barlag merkezleriniň ähmiýetini,  nano we IT-tehnologiýalaryny ösdürmek, kompozision serişdelerini we robotehnikasyny öndürmek, sebitara logistik merkezlerini döretmek boýunça geçirilýän işler barada durup geçdi. Umuman bularyň hemmesi özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy üçin uly mümkinçilikleri açýar. 

Prezident Rustam Minnihanow sport ulgamynda hyzmatdaşlyk meselesini gozgap,  üç ýyl mundan öň Kazanda Bütindünýä tomusky Uniwersiadanyň geçirilendigini, sportuň dürli görnüşleri boýunça dünýä we Ýewropa çempionatlarynyň yzygiderli geçirilýändigini belledi. Şu ýyl Tatarystanyň paýtagty futbol boýunça iri ýaryşlary kabul eder we elbetde 2018-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatyna işjeň taýýarlyk görülýär. Bu barada aýtmak bilen, Tatarystanyň baştutany 2017-nji ýylda Aşgabatda Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi bilen baglylykda, Türkmenistana zerur bolan goldawy bermäge hem-de bu ugurda toplanan tejribäni paýlaşmaga taýýarlygy beýan etdi. 

Myhman sözüniň ahyrynda şu günki işewür duşuşygyň ähmiýetini belläp, onuň  netijeleriniň Tatarystanyň hem-deTürkmenistanyň arasynda ynanyşmak, deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerinde guralýan netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşmaça itergi berjekdigine ynam bildirdi. 

Işewürler maslahatynda  edilen çykyşlarda häzir Türkmenistanyň sazlaşykly ösýän ykdysadyýeti, daşary ýurt maýalary üçin özüne çekiji döwletdigi bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň innowasion ýörelgelere we usullara esaslanýan milli ykdysady strategiýasy ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşmagynyň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Toplumlaýyn çäreleriň öz wagtynda görülmegi netijesinde senagat önümleriniň öndürilýän möçberi we daşary söwda dolanyşygy durnukly ýokarlanýar, içerki bazarda harytlaryň hem-de hyzmatlaryň durnukly bahalary saklanýar, durmuş ulgamyna gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberleri artýar. 

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, sebitleri senagatlaşdyrmaga, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň we daşary ýurtlara iberilýan önümleriň möçberlerini artdyrmaga, şol sanda bar bolan nebitgaz hem-de mineral serişdelerini netijeli peýdalanmagyň, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, döwrebap önümçilikleri döretmegiň hasabyna artdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalary nazara alanyňda, hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler açylýar. Bu babatda ähli ugurlarda, şol sanda maşyngurluşygy,  ýangyç-energetika toplumy, energetika, nebiti gaýtadan işleýän we gazhimiýa senagaty ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar. 

Biziň ýurdumyz amatly geografik ýerleşişini we geosyýasy ýagdaýyny nazara almak bilen ulag ulgamlarynda-awtomobil, demir ýol, deňiz, raýat awiasiýasy ulgamlarynda iri düzüm taslamalarynyň başyny başlaýar hem-de durmuşa geçirýär. Gyzyklanma bildirýän talaplar üçin Türkmenistanyň Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitleriniň geljegi uly ykdysady hyzmatdaş, yklym ähmiýetli iri energetika hem-de ulag-üstaşyr merkezi hökmünde görülmegi halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň esasynda durýar. 

Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda obasenagat toplumy görkezildi. Bu ugurda amala aşyrylýan özgertmeler degişli önümçilik düzüminiň giňeldilmegini, azyk bolçulygynyň döredilmegini, sarp ediş bazarynyň ýurdumyzda öndürilýän köp dürli we ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün edilmegini göz öňünde tutýar. Şunda hususy ulgamyň mümkinçiliklerini doly peýdalanmaga uly üns berilýär.

Türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň kiçi we orta telekeçiligi hemmetaraplaýyn goldamak boýunça başlangyçlary netijesinde bu ulgam aýratyn ösüşe eýe bolup, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Häzir Türkmenistanda telekeçiligi höweslendirmek üçin amatly şertler döredilýär, karzlaşdyrmagyň möçberleri artdyryldy, oňaýly  salgyt syýasaty amala aşyrylýar. 

Işewürler maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň we Tatarystan  Respublikasynyň ykdysadyýetleriniň ýagdaýy, özara bähbitlere laýyk gelýän şertleri nazara almak bilen, uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk üçin açylýan mümkinçilikler barada wideoflimler görkezildi. 

Myhmanlaryň çykyşlarynda  Tatarystanyň işewür toparlarynyň ykdysady ösüşiň okgunly depginlerini görkezýän Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge ymtylýandygy tassyklanyldy. Giň gerimli milli taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşmaga taýýardygyny aýdan işewürler dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek boýunça anyk tekliplerini beýan etdiler. 

Gurluşyk hem-de gurluşyk serişdeler senagaty, energetika, ulag, dokma pudagy, azyk senagaty, oba hojalygy, işewürlik we telekeçilik düzümleriniň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Tatarystanyň bazarlarynda türkmen hem-de tatar önüm öndürijileriniň önümlerini has-da ilerletmek we görnüşlerini artdyrmak bilen bagly mesele gozgaldy. 

Duşuşyga gatnaşyjylar ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň hem-de RF-niň 
Tatarystan  Respublikasynyň Ylymlar akademiýalarynyň arasynda, ýokary hünär bilimi we hünärli işgärleri taýýarlamak ugry boýunça netijeli gatnaşyklary giňeltmek barada pikirlerini beýan etdiler. Saglygy goraýyş, derman, lukmançylyk ylmy we tejribesi babatda özara gatnaşyklaryň hem-de tejribe alyşmagyň geljegi uly bolup durýar.

Maslahatyň umumy bölümi tamamlanandan soň Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda 2017-2019-njy ýyllarda 
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Tatarystan Respublikasynyň (Russiýa Federasiýasy) Hökümetiniň arasynda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. 

Işewürler maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary—kärhanalary tarapyndan öndürilýän önümleriň ýöriteleşdirilen sergisi guraldy. 

Işewürler maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Tatarystanyň ministrlikleriniň, edaralarynyň, hususy düzümleriniň wekilleriniň hem-de telekeçileriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar hem geçirildi. Olaryň barşynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de geljekki gatnaşyklaryň meýilnamalary  bellenildi.

Degişli makalalar

Türkmenistanda Aziýa Ösüş Bankynyň Wekilleri Bilen Duşuşyk Geçirildi

syrach

Daşoguzyň Daýhanlary Gowaça Ekişine Girişdiler

Ak Şäherim Aşgabat Atly Halkara Sergi

syrach