04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň işini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik meseleleri boýunça orunbasarynyň wezipe borçlary, onuň gözegçilik edýän ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, ylmy-barlag edaralarynyň we guramalarynyň sanawy;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Ylym we tehnologiýa bölümi hakyndaky, Bilim we jemgyýetçilik bölümi hakyndaky, Saglygy goraýyş bölümi hakyndaky, Ýaşlar syýasaty bölümi hakyndaky, Dini guramalar bilen işlemek bölümi hakyndaky, Ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamynda alnyp barylýan aýratyn möhüm we düýpli gurluşyklara gözegçilik bölümi hakyndaky Düzgünnamalar; 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik meseleleri boýunça orunbasarynyň garamagyndaky Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň bölümleriniň işgärleriniň  wezipe borçlary hem-de şu bölümleriň düzümi we işgär sany tassyklanyldy. 

*** 

Bilim babatda hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda baglaşylan Ylalaşyga, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 19-njy aprelinde çykaran 12973-nji kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti  Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligine 2016-2017-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda çykaran 7501-nji buýrugy bilen tassyklanan, 2016-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalaryndan daşary: 

Owganystan Yslam Respublikasynyň 30 raýatyny tölegsiz esasda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna bir ýyllyk dil öwreniş okuwlaryna;


2015-2016-njy okuw ýylynda bir ýyllyk dil öwreniş okuwlaryny tamamlan Owganystan Yslam Respublikasynyň 26 raýatyny, şol sanda: 

10 raýatyny Halkara nebit we gaz uniwersitetine;

5 raýatyny Türkmen oba hojalyk institutyna; 

10 raýatyny Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyna;

1 raýatyny Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna tölegsiz esasda okuwa kabul etmäge ygtyýar berildi. 

*** 

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň” birinji tapgyrynyň ��” Atamyrat-Ymamnazar (Türkmenistan)-Akina (Owganystan Yslam Respublikasy) böleginiň hem-de Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabynyň Ymamnazar gümrük nokadynda nebit önümlerini kabul edýän, saklaýan we ugradýan terminalyň açylyş dabaralarynyň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen degişli topar döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Bu topara açylyş dabaralarynyň Meýilnamasyny işläp taýýarlamak hem-de açylyş dabaralaryny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleri kesgitlemek hem-de olar boýunça jogapkär ýolbaşçylary bellemek tabşyryldy. 

***

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky gulluklaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri Baýramow Döwrangeldi Garýagdyýewiçe berk käýinç yglan edildi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa duýduryldy. 

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Taňryguly Gurbanmuhammedow saglyk ýagdaýy sebäpli, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy. 


 

Degişli makalalar

Türkmenistanyň DIM-de Geçirilen Duşuşyk

syrach

Futbol Boýunça Türkmenistanyň Çempionatynyň 8-nji Tapgyrynyň Duşuşyklarynyň Eminleri Bellenildi

Türkmenistanyň Mejlisinde Duşuşyk

syrach