22.9 C
Aşkabat
17.05.2024
SPORT

Türkmen türgenleri halkara ýaryşynda 27 medala mynasyp boldular!

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen sport we söweş sambosy boýunça Aziýanyň çempionaty türkmen türgenleri üçin üstünlikli tamamlandy. Olar bu ýerde 27 medala, şol sanda 6 altyn, 5 kümüş we 16 bürünç medala mynasyp boldular. 

Şu çempionata 17 ýurtdan – Ýaponiýadan, Koreýa Respublikasyndan, Hindistandan, Pakistandan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Mongoliýadan, Siriýadan, Filippinlerden we beýlekilerden türgenleriň ýüzlerçesiniň gatnaşmagy hem türkmen türgenleriniň ýokary halkara derejesine eýedigine şaýatlyk edýär. 

Iň ýaş ýeňijileriň arasynda P.Bäşimow (65 kilograma çenli agramlyk derejede) we N.Muhiddinow (56 kilograma çenli agramlyk derejede) bar. 

O.Paşşyýewa (40 kilograma çenli agramlyk derejede), U.Nazarowa (48 kilograma çenli agramlyk derejede) kümüş medala, A.Hajyýewa (48 kilograma çenli agramlyk derejede), M.Kössekowa (56 kilograma çenli agramlyk derejede), D.Jumadurdyýewa (44 kilograma çenli agramlyk derejede) we A.Halyllaýewa (52 kilograma çenli agramlyk derejede) bürünç medala mynasyp boldular. 



Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde ýetginjekleriň toparynda A.Ýalkabowa (48 kilograma çenli agramlyk derejede) hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdy. G.Hangeldiew (57 kilograma çenli agramlyk derejede), B.Meretgeldiýew (68 kilograma çenli agramlyk derejede) we M.Egemberdiewa (80 kilogramdan ýokary agramlyk derejede) bürünç medallary eýelediler. 

Uly ýaşlylaryň toparynda K.Allanurow (57 kilograma çenli agramlyk derejede) we G.Babamyradowa (52 kilograma çenli agramlyk derejede) altyn medallara mynasyp boldular. Türkmenistanlylaryň altysy – N.Şahmyradow, S.Aýrapetýan, N.Ýalkabow, M.Babagulyýewa, Z.Madraimowa we G.Haýytbaýewa dürli agramlyk derejelerde üçünji orny eýelediler. 

Sambonyň söweşjeň görnüşinde ýeňiş gazanan D.Madaminow (100 kilograma çenli agramlyk derejede) altyn medallaryň ýene-de birini eýeledi. K.Döwletowa (62 kilograma çenli agramlyk derejede), S.Aýrapetýan (74 kilograma çenli agramlyk derejede) kümüş medallara, A.Babaýew (68 kilograma çenli agramlyk derejede), M.Atajanow (82 kilograma çenli agramlyk derejede) we Ç.Annagurbanow (90 kilograma çenli agramlyk derejede) bürünç medallara mynasyp boldular. 

Bu sport üstünlikleri tutuş ýurdumyzda şu hepdede sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän köpsanly ýaryşlara gatnaşýan türkmen türgenleriniň ählisini ýeňişlere ruhlandyrdy. Türkmenistanyň dürli şäherlerinde grek-rim we erkin göreş, futzal, gandbol hem-de baýdarkada we kanoede küreklemek boýunça milli ýaryşlar badalga aldy. 

Ahal welaýatynyň Yzgant şäherçesinde geçirilen grek-rim we erkin göreş boýunça ýaryşlara ýurdumyzyň ähli welýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň toparlary gatnaşdylar. 

Nusgawy görnüşde toparlaryň arasynda aşgabatlylar birinji orny eýelediler. Mary welaýatynyň ýygyndysy ikinji orna, Lebap welaýatynyň türgenleri bolsa üçünji orna mynasyp boldular. 

Erkin göreş boýunça geçirilen ýaryşda hem paýtagtymyzyň topary öňdeligi eýeledi, Balkan we Lebap welaýatlarynyň türgenleri degişlilikde ikinji we üçünji orunlara mynasyp boldular. 

Lebap welaýatynyň merkezinde ikinji iýulda futbol boýunça zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň çempionaty badalga aldy. Birinji tapgyrdan soň Aşgabadyň, Lebabyň we Marynyň toparlarynyň her biri bir ýeňiş gazandy. Ýaryşlar 9-njy iýula çenli dowam eder. 

Gandbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginde gyzlaryň arasynda üç oýun gününden soň, paýtagtymyzyň topary öňdeligi eýeleýär. Balkanly gandbolçylar ýetginjekleriň arasyndaky ýaryşda öňde barýar. Bu ýaryşlar 7-nji iýula çenli dowam eder. 

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda 1999-2000-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda baýdarkada we kanoede küreklemek boýunça ýaryşlar geçirildi. Şu günler bu ýerde dünýäniň dürli künjeklerinden gelen windsörfing ussatlary bäsleşýär. Ýaryşa gatnaşyjylar iki görnüşde – 200 metr we 500 metr aralyga ýekelikde ýaryşmakda bäsleşdiler. 

Birinji görnüşde pellehanada A.Ýeşkowdan öňe geçen A.Abaýew ýeňiş gazandy, üçünji orna bolsa A.Tamolakow mynasyp boldy. Ýarym kilometr aralyga bäsleşmekde 200 metr aralykda kümüş we bürünç medallara eýe bolanlar degişlilikde birinji we ikinji orunlara mynasyp boldular. Üçünji ýeri W.Opolonkow eýeledi.

Degişli makalalar

Dagyň Depesine Çykmak Saparynyň Taslamasy Deňiz Derejesinden Ýokarda 2500 Metr Belentlige Ýetdi

Türkmen Futbolçylary “Abdyş-Ata” Toparyna Geçdiler

K.Esenow kümüş medala mynasyp boldy.

syrach