04.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmen Žiwopisçileriniň Suratlarynda – Taryh we Däpler

Halkara bitaraplyk gününiň öň ýanynda paýtagtymyzyň sergi merkezinde açylan sergi türkmen žiwopisçileriniň döredijiliginiň täze bir ugruny görkezdi.

Bu ýere gelenler sergi bilen tanyşlygy Kakageldi Taganowyň “Dostluk” atly işinden başlaýarlar. Nakgaş onda ak öýleriň birnäçesini, olaryň fonunda ot goýberilen tamdyr şekillendiripdir. Tamdyr, awtoryň pkirine görä, dostlugy we myhmansöýerligi aňladýar. Ol agzybirligiň we abadançylygyň nyşany. Milli nagyşlar we adaty durmuş esbaplary ulanylan ýordum-gurluş çözgüdi-de özboluşlylygy bilen tapawutlanýar.

Triptihler tapgyry sergide esasy orun eýeleýär. Rahman we Jeren Umarowlar sergä maşgala temasyna bagyşlanan bir surat we gobelenleriň ikisini hödürläpdirler. Rahman Umarow realizmi halaýan bolsa-da, gyzy bilen bilelikde simwolizm äheňinde “Maşgla arabaglanşygy” atly triptih döredipdir. Jeren her ýerden bir daňylan düwünli dürli reňkli ýüpleri şekillendirip, allegoriýa ulanypdyr. Rahmannyň suraty “Ojak” diýlip atlandyrylýar, onda gadym döwürlerden bäri açyk otda çaý gaýnadylýan tüňçeler çekilipdir.

Türkmenistanyň halk nakgaşy Meret Gylyjow manzar şekilleriniň üçüsini sergä hödürläpdir. Merediň özboluşly tilsimi dessine tanalýar. Nakgaş reňk öwüşginlerini ýerlikli ulanyp, otlaryň terligini we çagba ezilen daşyň ýalpyldysyny çeper beýan edýär. Sergide görkezilen suratlaryň biri “Ýagyşdan soň” diýlip atlandyrylypdyr. “Daş köpri” işinde nakgaş ýordumy keseligine bölüp, üýtgeşik giňişlik çözgüdini tapypdyr. “Şäher etegi” suratynda gürrüňe gyzan iki zenan bilen tebigy landşagta sazlaşykly utgaşan bir gat jaýlaryň fonunda töweregine garanjaklaýan gyzjagaz şekillendirlipdir.

Milli žiwopis mekdebine beletler Berdisähet Gurbansähedowy deňiz suratyny çekmäge ussat hökmünde tanaýandyrlar. Ýöne gazaply çöl gözelligi-de onuň döredijiliginde öz ornuny tapan eken. Ol stanok işleriniň hem ussady. Tematiki sergä gelenler bu žiwopisçiniň işleriniň ýedisi bilen tanyşdylar.

“Çöl” suraty özüne çekiji çykypdyr, onda nakgaş ýordumy dörde bölüpdir. Tolkunpisint gum depeleri, köşeklije maýa we awuny peýlän laçyn goňrumtyl-sary reňklerde berlipdir. Berdisähet Gurbansähedowyň “Deňiz” atly suraty hem modul tilsiminde çekilipdir, ol tupanly deňziň gözelligini beýan edýär.

Işleriň bir tapgyry Beýik Ýüpek ýoluna bagyşlanypdyr, olaryň arasynda Azat Myradowyň “Küştçiler” suraty özboluşlylygy bilen tapawutlanýar.

Juma Aman Durdynyň “Könürgenç” işi hem özüne çekiji. Adatça, nakgaşlar Soltan Alynyň we Nejmeddin Kubranyň aramgählerini bir-birine bakyp duran şekilde, olaryň diňe daş ýüzüni şekillendirýärler. Ýöne Juma oňa başgaça çemeleşipdir, onda ýolagçy tämiz alleýadan Orta Asyr ýadygärliklerine tarap barýar, bu bolsa ony Martiros Sarýanyň eserlerine meňzedýär.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň taryhy we medeniýeti dünýä alymlarynyň üns merkezinde

syrach

Türkmenistanda Ýaşlary Ýokary Okuw Mekdeplere Kabul Etmegiň Möçberi Artdyryldy

turkmenhabargullugy

“Ýylyň parlak ýyldyzy” aýdym-saz bäsleşiginiň jemi jemlendi.

syrach