22.9 C
Aşkabat
17.05.2024
YLYM

Türkmenabatda Ylmy-Amaly Maslahaty Geçirildi

2015-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-niň Lebap welaýaty boýunça wekilhanasynyň, Lebap welaýat häkimliginiň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň bilelikde guramaklarynda, “Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty: sebitde hoşniýetli we dostlukly hyzmatdaşlygyň girewidir” ally ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

Maslahata Lebap welaýat häkimliginiň wekilleri, Mejlisiň deputatlary, S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň ýolbaşçylary, mugallymlary we talyplary, şeýle hem welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň, halk maslahatynyň, baş bilim, saglygy goraýyş we medeniýet müdirlikleriniň, sport baradaky komitetiniň, oba- hojalyk we senagat toplumlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli geçirilen bu ylmy-amaly maslahata, BMG-nyň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-nyň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Petko Draganow hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatdan öň myhmanlar, bu çäre mynasybetli Türkmenabat şäher häkimliginiň binasynyň foýesinde guralan, Türkmenistanyň gadymy taryhyny, baý däp-dessurlaryny hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýeten belent sepgitlerini açyp görkezýän giň göwrümli sergi bilen tanyşmak mümkinçiligini aldylar.

Lebap welaýatynyň häkiminiň orunbasary M.A.Nurmyradowa maslahaty açyk diýip yglan etdi we Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy.

Maslahatyň umumy mejlisinde, BMG-nyň Baş Sekretarynyň ýörite wekili, BMG-nyň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Petko Draganow, Lebap welaýatynyň häkiminiň orunbasary M.A.Nurmyradowa, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň sekretary B.S.Suleýmanow, Owganystanly şahyr, abraýly ýaşuly Roz Muhammed Hoja Nepes, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Lebap welaýaty boýunça wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji B.Aganyýazow, Owganystan Yslam Respublikasynvň wekili Muhammed Gurban Muhammed Kemal we S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Jemal Akyýewa dagylar çykyş etdiler.

Jenap Draganow öz çykyşynda, Türkmenistanyň özüniň Bitaraplyk derejesiniň esasynda goňşy döwletleri bilen dostlukly we deňhukukly gatnaşyklary ýola goýandygyny we halkara arenasynda hyzmatdaş gatnaşyklary üpjün edendigini belledi. BMG-nyň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy, Türkmenistan döwletimiziň dawaly ýagdaýlardaky ylalaşdyryjylyk ornuny hem-de sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy üpjün etmekdäki oňyn goşandyny aýratyn nygtady.

Çykyş edenleriň ählisi hem, Türkmenistanyň hoşniýetli Bitaraplyk syýasatynyň sebitdäki ähmiýetli ornuny, ýurdumyzyň dürli meseleler boýunça halkara işlerindäki işjeňligini bellediler we Hormatly Prezidentimize alyp barýan oýlanşykly we öňdengörüjilikli daşary saýasaty üçin çäksiz minnetdarlyklaryny beýan etdiler.

Ylmy-amaly maslahat, öz işini S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda, bu okuw jaýynyň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmaklarynda bölümler arkaly dowam etdi. 

Maslahat işini tamamlanandan soň, çäre mynasybetli Lebap welaýatynyň medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetirmeklerinde aýdym-sazly dabara boldy. Dabaradan soňra, maslahata gatnaşmaga gelen daşary ýurtly myhmanlaryň hormatyna Lebap welaýat häkimliginiň adyndan resmi günortanlyk nahary berdildi. 

Degişli makalalar

Ýaşlaryň Innowasion Ylmy Taslamalarynyň Bäsleşiginiň Jemi Jemlenildi

Ýaşlar guramasynyň maslahaty geçirildi

syrach

Arheologlar «Köneürgenç» Ýadygärliklerinden Täze Gymmatlyklary Tapdylar