26.1 C
Aşkabat
20.04.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar YLYM

Türkmenistan Bilen ÝUNESKO-nyň Durnukly Ösüş Maksatlaryny Durmuşa Geçirmek Ugrundaky Hyzmatdaşlygy

2020-nji ýylyň 11-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) wekilleri bilen wideo aragatnaşyk arkaly maslahat beriş duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň hem-de Türkmenistanyň statistika boýunça Döwlet komitetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Onlaýn-duşuşygyň dowamynda esasy üns Durnukly ösüş maksatlaryny, esasan-da, 4-nji – hemme zady öz içine alýan we adalatly ýokary hilli bilimi bermek we hemmeler üçin bütin durmuşyň dowamynda okamaga mümkinçiligi höweslendirme maksadyny durmuşa geçirmek we monitoring meselelerine gönükdirilendir.

Türkmenistanyň bilim ulgamynda bilimiň hilini ýokarlandyrmaga we bilim alýanlar üçin şertleriň kämilleşdirilmegine gönükdirilen uly özgertmeleriň geçirilýändigini bellemek gerek. Şeýle hem bilim bermegiň we maglumatlaşdyrmagyň halkara standartlary girizilýär. DIM

Degişli makalalar

Hünärmenleri Taýýarlamagyň Täze Ugurlary

syrach

Lebapgazçykaryş Müdirligi Tebigy Gazyň Çykarylyşyny Artdyrýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Welosipedli we Atly Gezelenç Etdi