13.9 C
Aşkabat
18.05.2024
YLYM

Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi: bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky gazanylan ylalaşyga laýyklykda bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň çäklerinde durmuşa geçirilýän ÝB-nyň “Erasmus Mundus Hereket 2 СANEM – Сentral Asian Network of Eсonomiсs and Management” taslamasynyň bilermenleri bilen duşuşyk geçirildi. 

Duşuşykda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň häzirki döwürde Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biridigi bellenildi. Bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ony halkara ülňüleriniň derejesine çykarmak maksady bilen, döwletimiz abraýly halkara guramalary bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Türkmenistan bu babatda bilelikdäki gatnaşyklaryň we birnäçe anyk taslamalaryň netijesinde oňyn tejribe toplady. Şu jähetden bilim ulgamyndaky netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup durýar. 

Häzirki döwürde milli bilim ulgamynyň ösdürilmegine gönükdirilen taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Soňky ýyllarda bu pudakda bilelikdäki işiň oňyn tejribesi toplanyldy. Hususan-da, EB-nyň “TEMPUS” we “ERAZMUS MUNDUS” ýaly belli maksatnamalarynyň çäklerinde birnäçe taslamalar durmuşa geçirildi. 

Mälim bolşy ýaly, “Erasmus Mundus: Ýewropa Hyzmatdaşlyk penjiresi” (Erasmus Mundus Eхternal Сooperation Window) halkara bilim maksatnamasy bu ulgam boýunça Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň we olaryň hyzmatdaşlarynyň, şol sanda Türkmenistan–EB ulgamy boýunça ýola goýulýan özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen ýokary bilim ugry boýunça alyş-çalyş we hyzmatdaşlyk babatdaky maksatnamadyr. 

Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi ylmy alyş-çalyşlaryň guralmagyny, bilim-tejribäniň ýaýradylmagyny, iň gowy bilim tejribeleri we usullary bilen tanyşlygy maksat edinýär. Türkmenistanda bu maksatnamanyň durmuşa geçirilmeginiň baş wezipesi ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlar düzüminiň hünär derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmakdan, öňdebaryjy halkara tejribäni öwrenmekden we ony işjeň ornaşdyrmakdan ybaratdyr.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Guşlarynyň Dünýasiniň Täze Görnüşler Bilen Baýlaşdyrylmagy Ekologiýa Abadançylygyň Görkezijisi Bolup Durýar

DUYURU! TÜRKMENİSTAN UYRUKLU ÖĞRENCİLERİN DİKKATİNE

turkmenhabargullugy

12 ýyllyk umumy bilime geçmäge taýýarlyk.

syrach