21.9 C
Aşkabat
17.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Prezidentimiz Özbegistanyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Islam Karimowyň arasynda telefon arkaly gürrüňdeşlik boldy. 

Iki döwlet Baştutanlary mähirli salamlaşyp, birek-biregi Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygy mynasybetli ýakynda bellenen şanly sene bilen gutaldylar we dostlukly ýurtlaryň halklaryna rowaçlyk, parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdiler. 

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Islam Karimow gadymy döwürlerden bäri ruhy we taryhy umumylyk, şeýle hem bozulmaz dostluk, hoşhiýetli goňşuçylyk gatnaşyklary bilen baglaşýan iki doganlyk halklaryň gyzyklanmalaryna jogap bolup durýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilýändigine we pugtalandyrylýandygyna ýokary baha berdiler. 

Döwletara gatnaşyklarynyň pugtalanmagyna ägirt uly üns berýändigi hem-de şahsy goşandy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Islam Karimow Özbegistanyň goňşy Türkmenistan bilen köpasyrlyk dostluk, ynanyşmak we birek-birege goldaw bermek esasynda ýola goýulýan giň möçberli gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini nygtady. 

Işjeň döwletara gatnaşykarynyň ösdürilmegi ugrunda ägirt uly mümkinçilikleriň we ikitaraplaýyn meýliň bardygyny kanagatlanma bilen belläp, söhbetdeşler ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ýola goýulan gatnaşyklaryň yzygiderli ösdüriljekdigine hem-de dostlukly ýurtlaryň we tutuş sebitiň ykdysady taýdan ösmeginde uly ähmiýeti bolan bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdiler. 

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň özbek kärdeşini ýakynda bolan ýubileý ýaşy bilen gutlady we oňa bagtyýarlyk, jan saglyk, köptaraply döwlet işinde uly üstünlikler arzuw etdi. 

Gürrüňdeşligiň ahyrynda Özbegistanyň Prezidenti Islam Karimow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy özi üçin islendik amatly wagtda Özbegistana gelip görmäge çagyrdy. Döwlet Baştutanymyz çakylygy minnetdarlyk bilen kabul etdi. Daşkende boljak saparyň möhletiniň diplomatik ýollar arkaly ylalaşyljakdygy barada aýdyldy. 

Hoşlaşanlarynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Islam Karimow birek-birege hoşniýetli sözleri aýdyp, iki doganlyk ýurduň halklaryna parahatçylyk, durnuklylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler. 

Gürrüňdeşlik özbek tarapynyň teklibi boýunça geçirildi.

Degişli makalalar

Döwlet Köşgünde Bolan Dabara

syrach

Türkmen Elektroenergetikasynyň Eksport Kuwwaty Artýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

turkmenhabargullugy