23.9 C
Aşkabat
26.04.2024
YLYM

Türkmenistan-Ýewropa topary: ylym-bilim beriş ulgamynda netijeli gatnaşyklar giňeldilýär

Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropa toparynyň bilim ulgamyndaky taslamasynyň ýolbaşçysy hanym Assunta Testa bilen duşuşyk geçirildi. Ol biziň ýurdumyzda iş sapary bilen bolýar.

Ýewropa toparynyň wekiliniň türkmen parlamentarileri bilen şu günki duşuşygy şu ýyl eýýäm ikinji gezek geçirilip, ol özara gatnaşyklary giňeltmäge hem-de tejribe alyşmaga, şeýle hem bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamagyň anyk meselelerine bagyşlandy. Duşuşyga gatnaşyjylar möhüm ugurlaryň birnäçesi boýunça hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşyp, ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegine özara gyzyklanma bildirilýändigini tassykladylar.

Şu gün şeýle hem Ýewropa toparynyň wekili Türkmenistanyň Maliýe ministrliginde kabul edildi. Bu ýerde Ýewropa toparynyň «Türkmenistanda tehniki ýardam boýunça maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine we dolandyrylyşyna goldaw berýän edara» atly taslamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň nobatdaky wezipeleri hakynda pikir alşyldy.

Bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň, bilelikdäki taslamalary taýýarlamagyň we amala aşyrmagyň mümkinçilikleri Assunta Testanyň Türkmenistanyň Bilim ministrliginde hem-de ýurdumyzyň Milli bilim institutynda ýakyn günlerde geçiriljek duşuşyklarynda ara alnyp maslahatlaşylar. Ýewropa toparynyň wekili öz saparynyň barşynda 24-nji noýabrda açylýan «Bilim, ylym, sport we syýahatçylyk beýik Galkynyş zamanasynda» atly halkara sergisine we ylmy maslahata gatnaşar. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Hazar Ýakasynda Gyşlan Guşlar Barada Gyzykly Maglumatlar we Deňeşdirme Seljermesi

Döwlet etalon merkezi açylýar.

syrach

Daşary Ýurtlarda Okaýan Talyplarymyz Üçin Peýdaly Maglumat