21.5 C
Aşkabat
29.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Türkmenistan Gruziýa Iberýän Nebit Önümleriniň Möçberini Artdyrýar

Şu ýylda Türkmenistanda öndürilen nebit önümleriniň Gruziýa eksporty düýpli artdy. Gruziýanyň nebit önümlerini import edijileriniň birleşiginiň habar berşi ýaly, mart aýynda awtomobil benzininiň we dizel ýangyjynyň iň köp importy Russiýadan – 19 müň tonna we Türkmenistandan 16,8 müň tonna deň boldy. Awiasion kerosininiň hem iň esasy satyn alynýan ýurdy Türkmenistan — 4,9 müň tonna. Bu görkeziji geçen ýylkydan iki esse ýokarydyr.

Şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda gruzin bazaryna 40 müň tonnadan gowrak awtomobil benzini iberildi. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2,5 esse köpdür. Şol bir wagtda umumy importyň içinde türkmen benzininiň importy 17 göterim, uçar ýangyjynyň bolsa – 74 göterime deňdir.

Birinji çärýegiň netijeleri boýunça Türkmenistan Gruziýa awiasion kerosinini eksport edijileriň sanawynda öňdeligi eýeleýär. Şu döwürde treýderçilik kompaniýalary biziň ýurdumyzdan 14 müň tonna golaý bu önümi satyn aldy.

Gruziýanyň milli statistika müdirligi tarapyndan aprel aýynda neşir edilen maglumatlara laýyklykda, 2020-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistandan import edilen nebit önümleriniň umumy bahasy 19 million amerikan dollaryna barabar boldy. ýangyç-energetika toplumynyň önümleriniň esasy iberijileriniň sanawynda Türkmenistan Russiýadan we Rumyniýadan soň, üçünji orny eýeleýär.

Bilermenleriň hasaplamalaryna görä, soňky wagtlarda türkmen-gruzin söwda-ykdysady gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Hususan-da, şu ýylyň fewral aýynda Gruziýanyň we Azerbaýjanyň demirýol kompaniýalary Türkmenistanyň nebit önümlerini aşakladylan nyrhlardan möwsümleýin üstaşyr geçirmek hakynda Ylalaşyga gol çekdiler. Bu resminama aprel aýyndan noýabra çenli dowam eder. Umuman, bu çäre Ýewropa-Kawkaz-Aziýa ulag-üstaşyr geçelgesiniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etmäge gönükdirilendir.

Çeşme: oilgas.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanlylar 2019-njy Ýyly Gülläp Ösýän Watana Buýsanç Bilen Garşyladylar

turkmenhabargullugy

Paýtagtymyzyň Toparlary Jemleýji Bäsleşikde Çykyş Etmek Üçin Bäsleşerler

Maslahatda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna Okgunly Ösýän Ýurduň Hukuk Binýady Hökmünde Garalar