20.9 C
Aşkabat
03.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistan-Katar: hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Katar Döwletine resmi sapary başlanýar, ol soňky wagtlarda işjeň we gyzyklanma bildirilýän gatnaşyklaryň görnüşine eýe bolýan döwletara gatnaşyklaryny ösdürmekde täze tapgyr bolar.

Mälim bolşy ýaly, munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dostlukly arap ýurduna ilkinji saparydyr. Döwletiň Emiri Hamad Bin Halifa Al Tani şu ýylyň fewralynda türkmen Liderine Katara gelip görmek baradaky çakylygy iberdi. «Dohada Siziň Alyhezretiňiz bilen duşuşyk özara gyzyklanma döredýän meseleler boýunça pikir alyşmak we biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugy hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin oňat mümkinçiligi döreder» diýlip, Kataryň ýolbaşçysynyň hatynda aýdylýar.

Dostlukly döwletleriň baştutanlarynyň häzirki duşuşygy biziň halklarymyzyň hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga, hyzmatdaşlygyň toplanylan oňyn tejribesini, milli ykdysadyýetleriň gazanan üstünliklerini we elbetde, bar bolan syýasy, gumanitar, ykdysady hem-de resurs mümkinçiliklerini nazara almak bilen, şol hyzmatdaşlyga işewür hem-de konstruktiw häsiýeti bermäge çalyşmaklarynyň aýdyň tassyklanmasydyr.

Katar dünýäniň ykdysady taýdan ösen döwletleriniň biridir, Türkmenistan şol döwlet bilen ikitaraplaýyn görnüşde hem, Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen depginli ösýän gatnaşyklaryň çäklerinde hem hyzmatdaşlyk etmäge uly ähmiýet berýär. Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda diplomatiki gatnaşyklar 1996-njy ýylda ýola goýuldy, şonda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin esas bolup hyzmat edýän döwletara derejesindäki ilkinji halkara resminamasyna gol çekildi. Soňky ýyllarda bu dostlukly ýurt bilen gatnaşyklaryň ep-esli işjeňleşmegi bellenildi, şol döwlet bolsa Türkmenistan ýaly energetiki döwlet we tebigy gazy dünýä derejesinde iri eksport edijileriň biri bolup durýar. Häzirki wagtda Türkmenistan tarapyndan Katara iberilýän esasy önüm ýangyç-energetika toplumynyň önümleridir. Katardan Türkmenistana polat, enjamlar we mehanizmler, elektrik harytlary import edilýär.

Iki ýurduň tebigaty goraýyş düzümleriniň wekilleriniň şu ýylyň aprelinde bolan duşuşygy pudagara derejelerinde gatnaşyklary ösdürmegiň mysaly bolup hyzmat edýär, şol duşuşygyň barşynda daşky gurşawy goramak babatda özara gatnaşyklara degişli meseleler boýunça gyzyklanylyp pikir alyşyldy, iki ýurduň hünärmenleriniň—ekologlarynyň arasynda ýakyndan ylmy gatnaşyklary ýola goýmaga özara gyzyklanma bildirilýändigi beýan edildi.

Döwletleriň Liderleriniň şu gezekki duşuşygyndan öň dostlukly ýurduň dolandyryjy neberesiniň wekilleriniň Türkmenistana saparlary hem boldy, olar Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ykdysady taslamalara, tüýs ýürekden dostluk däpleri bilen berkidilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmäge barha artýan ýagdaýda gyzyklanma bildirýändigini tassykladylar.

Dohada boljak duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Emir Hamad Bin Halifa Al Tani özara peýdaly hyzmatdaşlyga degişli meseleleriň örän giň topary boýunça pikir alyşmagy maksat edinýärler. Ähli strategiki ugurlar boýunça özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam etjek ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumy gol çekmek üçin taýýarlanyldy.

Bu abraýly we ykdysady taýdan ösen ýurduň birnäçe iri ministrlikleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar, birnäçe uniwersitetleri we ylmy merkezleri birleşdirýän Dohanyň iri ylmy-bilim beriş merkezi bolan «Bilimler şäherçesine» baryp görmek Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Katar Döwletine saparynyň maksatnamasyna goşuldy.

Gürrüňsiz suratda döwletleriň lideriniň ýokary derejedäki duşuşygy medeni we ruhy umumylygy bilen baglanyşykly bolan hem-de ynanyşmak we özara peýdalylyk ýörelgelerinde hyzmatdaşlygy artdyrmaga çalyşýan Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň döwletara gatnaşyklaryna itergi berer.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Bilelikdäki Mejlisi

Orta Aziýany Pars aýlagyna birleşdirjek demir ýol liniýasynýň gurluşygy dowam edýär.

syrach

Döwlet Sylaglaryna we Hormatly Atlara Mynasyp Bolan Medeniýet Işgärlerini Sarpalamak Dabarasy Geçirildi

turkmenhabargullugy