21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanda Çehiýa Respublikasynyň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi Işe Başlady

Türkmenistanda Çehiýa Respublikasynyň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi Işe Başlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Çehiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ýaroslaw Sirodan ynanç hatyny kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň adyndan milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmany jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Türkmenistan bilen Çehiýanyň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak hem-de hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek işinde üstünlikler arzuw etdi.

Jenap Ýaroslaw Siro hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, öz nobatynda, diplomatik tejribesini we bilimini iki ýurduň we olaryň dostlukly halklarynyň abadançylygynyň bähbidine türkmen-çeh hyzmatdaşlygynyň giňeltmäge gönükdirjekdigine ynandyrdy.

Söhbetdeşligiň barşynda doly ygtyýarly wekil döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak şol syýasatyň möhüm ugry bolup durýar.

Diplomat şeýle hem ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen hem-de ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň möçberli milli taslamalar we maksatnamalar bilen tanyşdyryldy.

Ilçi şeýle hem milli parlamentiň düzümi we kanunçykaryjylyk işi bilen tanyşdyryldy.

Doly ygtyýarly wekil ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerine uly gyzyklanma bildirip, Türkmenistan bilen Çehiýa Respublikasynyň arasynda döwletara gatnaşyklary ösdürmek, netijeli işewür hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirdi.

Iki ýurduň arasynda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygy bellenildi. Çehiýa Respublikasynyň Senatynyň ýolbaşçylarynyň ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna bolan sapary bu gatnaşyklara kuwwatly itergi berdi. Şonda geçirilen duşuşyklaryň barşynda türkmen-çeh gatnaşyklarynyň, şol sanda halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň we Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşmalaryň barşynda söwda-ykdysady hem-de ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň, hususan-da, ylym we bilim, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda özara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň wajypdygy bellenildi.

Degişli makalalar

(TENDER) Türkmengaz Döwlet Konserni Bäsleşik Yglan Edýär

Türkmenistanyň Halk Artisti Myrat Baýramgeldiýew Diňe Bir Zehinli Aýdymçy Däl, Eýsem Ussat Bagbanam

Sy­ýa­hat­çy­lyk-Gir­de­ji­li Pu­dak

syrach