05.05.2024
YKDYSADYÝET

Türkmenistan – Koreýa Respublikasy: özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürip

Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri boýunça pikir alşyldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna bolan döwlet sapary şol hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi. Şunuň bilen baglylykda, koreýa tarapynyň Türkmenistan bilen döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy. Koreýa Respublikasy Türkmenistany özüniň strategik hyzmatdaşy hasaplaýar.

Bellenilişi ýaly, munuň özi hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň çäklerinde ýurdumyzyň ykdysady taýdan ýokary depginde ösmegi, şeýle hem türkmen Lideri tarapyndan durmuşa geçirilýän giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty bilen şertlendirilendir. Şol hyzmatdaşlyk bolsa türkmen döwletiniň ählumumy abadançylyga hyzmat edýän bitaraplyk derejesine esaslanýar.

Şunuň bilen baglylykda türkmen-koreýa gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge iki tarapyň hem gyzyklanýandygy bellenildi. Iki ýurduň ägirt uly ykdysady we serişdeler mümkinçiligi şol gatnaşyklary üstünlikli ösdürmegiň girewi bolup durýar. Ýangyç-energetika, söwda-ykdysady ulgamlar, gurluşyk, senagat we beýleki pudaklar özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan hatarlarynda görkezildi. Gumanitar ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek, hususan-da, bilim we medeniýet ugrunda hyzmatdaşlyk ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn meselesi boldy. Şu ýylyň maý aýynda Seulda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň üstünlikli geçirilmegi şol hyzmatdaşlygyň işjeňleşýändiginiň aýdyň mysalyna öwrüldi.

Şeýle hem Günorta Koreýanyň iri kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen işjeň gatnaşyklary ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Ýurdumyzda daşary ýurt işewürleri üçin amatly maýa goýum mümkinçilikleri döredildi. Şunuň bilen baglylykda Koreýa Respublikasynyň işewürleriniň Türkmenistanda amala aşyrylýan iri möçberli taslamalara işjeň gatnaşmaga isleg bildirýändigi beýan edildi. Bu barada şu ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda geçirilen türkmen-koreýa biznes-forumynda hem aýdylypdy.

Şu gün türkmen wekiliýetiniň agzalary Koreýa Respublikasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 4-nji Forumynyň çäklerinde guralan 3-nji Koreýa – Merkezi Aziýa maýa goýum forumynyň işine gatnaşdylar. Bu forum Günorta Koreýanyň esasy kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi.

Seulda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň delegasiýasynyň wekilleri şeýle hem medeni mümkinçilikleri ösdürmek boýunça üçünji Koreýa – Merkezi Aziýa maslahatyna gatnaşdylar.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmen paýtagtyny ösdürmek üçin öňdebaryjy tehnologiýalar

syrach

Birža Täzelikleri

syrach

Kosmos Tehnologiýalary-Türkmenistanyň Ösüşiniň Ileri Tutulýan Ugry

turkmenhabargullugy