37.9 C
Aşkabat
16.06.2025
TEHNOLOGİÝA

Türkmenistan Kosmos Pudagy Üçin Hünärmenleri Taýýarlamaga Girişýär

Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda “Gami gurluşygy” we “Radioelektron ulgamlary we toplumlary” ýaly täze hünärleri açmaga taýýarlyk işleri görülýär. 

Kosmos pudagy üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamaga bolan zerurlyk şu ýylyň 17 –nji maýynda ilkinji türkmen aragatnaşyk hemrasynyň üstünlikli uçurylmagy bilen baglanyşyklydyr. 

Bu günki gün ýurduň iň iri tehniki ýokary okuw mekdebiniň fakultetleriniň sekizsinde 22 ugur boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Öňki ýyllaryň uçurymlarynyň bir topary fransiýanyň «Thales Alennia Space» kompaniýasynyň aerokosmos kärhanalarynda degişli taýýarlygy geçdi we indi olar ýurduň hemra aragatnaşyk ulgamynyň tehnologiki dolandyrylyşyna gatnaşýarlar.

Degişli makalalar

“Türkmentel-2016”

syrach

Altyn Asyr Oba Ýerlerinde Ykjam Aragatnaşygyň Hilini Gowulandyrmak Maksady Bilen 2G we 3G Ülüňli Beketleriň Ýenede 100-sini Oturdar

turkmenhabargullugy

Sanly Tehnologiýalar-Halkara Ylmy Hyzmatdaşlygyň Hereketlendirijisi