23.1 C
Aşkabat
20.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar TEHNOLOGİÝA

Maryda Täze AÝGB Işläp Başlady

Maryda Täze AÝGB Işläp Başlady

Mary welaýatynyň administratiw merkezinde Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda №204 täze awtomobillere ýangyç guýujy bekediň dabaraly açylyşy boldy. Açylyş dabarasynda il ýaşululary, şäheriň dürli nebitgaz kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Täze AÝGB şäheriň iň bir ýörgünli köçeleriniň biri bolan Baýram han köçesiniň ugrunda ýerleşdi.

Beket Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň Mary welaýat gurluşyk-abatlaýyş bölüminiň hünärmenleri tarapyndan guruldy.

Ýangyç guýujy beket dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň häzirki zaman ýangyç guýýan enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Bu bolsa onuň işgärlerine awtomobillere ýokary derejede hyzmat etmäge ýardam eder. Taslama laýyklykda, täze beket günde 1000 töweregi awtomobile hyzmat etmäge ukyplydyr we ol awtomobil sürüjilerine A-95, A-92, A-80 kysymly benzinleri, şeýle hem dürli görnüşli çalgy ýaglaryny hödürleýär.

Bu beket dekabrda işe girizilen birinji AÝGB däldir. Birnäçe gün mundan ozal Lebap welaýatynyň Kerkiçi şäherçesinde bir günde 750 awtomobile hyzmat etmäge ukyply bolan döwrebap AÝGB-niň açylyş dabarasy boldy. Şeýle hem AÝBG-de awtomobillere tehniki hyzmat, çag çalyşmak, wulkanizasiýa, awtoýuwalga we awto dükan nokatlary bar.

Iň ýokary standartlar bilen enjamlaşdyrylan täze AÝGB-niň ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda sany barha artýar. Olaryň işi ýurdumyzda sany barha artýan awtomobillere edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow içerki bazarlary ýurtda öndürilen ýokary hilli ýangyç-çalgy materiallar bilen üpjün etmegiň zerurdygy baradaky wezipäni nebitgaz gaýtadan işleýän pudagyň öňünde goýdy.

Degişli makalalar

“EKSPO-2012”-de Türkmenistanyň milli sergisi açyldy.

syrach

Korrupsiýa Garşy Göreşi Güýçlendirmegiň Wezipeleri Maslahatlaşyldy

Täjigistanda Ylmy-Amaly Maslahat

syrach