16.9 C
Aşkabat
18.05.2024
TEHNOLOGİÝA

Türkmenistan Kosmos Pudagy Üçin Hünärmenleri Taýýarlamaga Girişýär

Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda “Gami gurluşygy” we “Radioelektron ulgamlary we toplumlary” ýaly täze hünärleri açmaga taýýarlyk işleri görülýär. 

Kosmos pudagy üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamaga bolan zerurlyk şu ýylyň 17 –nji maýynda ilkinji türkmen aragatnaşyk hemrasynyň üstünlikli uçurylmagy bilen baglanyşyklydyr. 

Bu günki gün ýurduň iň iri tehniki ýokary okuw mekdebiniň fakultetleriniň sekizsinde 22 ugur boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Öňki ýyllaryň uçurymlarynyň bir topary fransiýanyň «Thales Alennia Space» kompaniýasynyň aerokosmos kärhanalarynda degişli taýýarlygy geçdi we indi olar ýurduň hemra aragatnaşyk ulgamynyň tehnologiki dolandyrylyşyna gatnaşýarlar.

Degişli makalalar

Elekt­rik ener­gi­ýa­sy de­ňiz­den ge­ler

syrach

“Soyuz MS-16” Kosmosa Iberildi

“Rheinmetall” Kompaniýasynyň Sürüjisiz Halas Ediji Tehnikasy