21.2 C
Aşkabat
24.04.2024
DURMUŞ

Türkmenistan neşelere garşy göreşmekde halkara

Türkmenistanyň döwrüň howplaryna we wehimlerine garşy göreşmek boýunça halkara tagallalaryna işjeň gatnaşmaga hemişe taýýardygyny ýene bir gezek äşgär eden uly çäre şu gün Aşgabadyň golaýynda ýerleşýän Kasamly jülgede geçirildi. Bu ýere Türkmenistanyň harby düzümleriniň, şol sanda serhet we gümrük gulluklarynyň wekilleri, esasy halkara guramalaryň — BMG-niň, ÝeHHG-niň düzümine girýän edaralaryň, Türkmenistanda resmi taýdan bellenilen diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň ýolbaşçylary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar. Olaryň gatnaşmagynda neşe serişdeleriniň uly tapgyry ýok edildi. Şol serişdeler ýurdumyzyň ygtyýarly edaralary tarapyndan neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreşe gönükdirilen işleriniň barşynda ele salyndy.

Ýurdumyzyň hökümeti, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Neşekeşlige garşy göreş boýunça döwlet utgaşdyryjy topary we Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugy tarapyndan guralan bu çäre döwletiň we jemgyýetiň neşekeşlik ýaly dünýä möçberindäki howply bela garşy durmakda, neşe serişdeleriň bikanun dolanyşygyna we kontrabandasyna garşy barlyşyksyz göreşmekde aýgytly hereket edýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

Bu ýere ýygnananlara dürli ölçegdäki haltalara we belgilenen düwünçeklere gaplanan, umumy agramy 702 kilograma deň bolan neşe maddalary görkezildi. Çärä gatnaşanlaryň her biri öz eli bilen ölüm howply neşe gutusyny ýörite peçlere oklamaga mümkinçilik aldy. Oda çydamly kerpiçden gurlan bu peçler 800-1000 gradusa çenli gyzdyrylýar, şonda islendik neşe ýa-da huş üýtgediji serişdeleri öz himiki düzümini ýitirýär hem-de adaty küle öwrülýär. Neşeleriň ýakylyşyna hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri we ygtyýarly edilen bilermenler gözegçilik edýärler.

Bu çäräniň ähmiýetini bellemek bilen, oňa gatnaşyjylar onuň Türkmenistanyň parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi berkitmek işine ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasy, howpsuzlyk ýagdaýyny döretmek boýunça ählumumy tagallalara täze, anyk goşandy boldy diýip aýtdylar. Nygtalyşy ýaly, dünýä bileleşigi Türkmenistanyň neşeleriň bikanun ýaýradylmagyna ygtybarly böwet goýmaga aýgytly hereket edýändigini hem-de onuň bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyna taýýardygyny giňden goldaýar. Şeýle hem Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň ýerlerde häkimlikleriň wekilleri, saglygy goraýyş edaralary, jemgyýetçilik we dini guramalary bilen utgaşykly alyp barýan bilelikdäki işleri öz netijesini berýär diýlip bellenildi. Hususan-da, neşeler bilen bagly jenaýatlaryň, şeýle hem neşe serişdelerini ulanýan adamlaryň sanynyň azalmagy göze ilýär.

Türkmenistan adamzadyň ählumumy meselesi bolan neşelere garşy barlyşyksyz göreşmäge işjeň gatnaşýan ýurtlaryň biridir we bu ugurda beýleki döwletler üçin görelde bolup durýar. Jemgyýeti neşekeşlikden goramagyň has netijeli serişdesi häzirki wagtda onuň öňüni almak bolup durýar. Bu meselede ilatyň habarlylygy we sowatlylygy wajyp ähmiýete eýedir. Çünki näçe köp adam özüne abanýan howp hem-de howpuň öňüni almagyň usullary hakynda habarly edilse, ahyrky netijede tutuş jemgyýet goragly bolýar.

Täze Galkynyş eýýamynda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan özgertmeler syýasaty netijesinde sebitleýin we milli taslamalaryň hem-de BMG-niň neşeler we jenaýatlar baradaky müdirliginiň, Ýewropa Bileleşiginiň maksatnamalarynyň birnäçesi amala aşyrylýar. Käbir ýurtlaryň hökümetleriniň gatnaşmagynda neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmäge, neşe maddalaryny ýüze çykarmak maksady bilen serhet gözegçiligini güýçlendirmäge, neşekeşligiň öňüni almaga gönükdirilen bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilýär.

Kasamly jülgesinde geçirilen çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa global howpa garşy durmakda uly ähmiýeti bolan hem-de sebitde we bütin dünýäde howpsuzlygyň üpjün edilmegine gönükdirilen asylly başlangyja goşulmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň we Türkiýäniň Daşary Işler Ministrleri Telefon Arkaly Wajyp Meseleleriň Birnäçesini Ara Alyp Maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Karate-do-nyň 10-njy Danyna Mynasyp Boldy

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Raýatlygyna Kabul Etmek Hakynda