18.9 C
Aşkabat
25.04.2024
DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Myhman döwlet Baştutanyna wagt tapyp kabul edenligi üçin hoşallyk bildirip, Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işine berlen hemmetaraplaýyn goldaw hem-de kömek üçin tüýs ýürekden alkyşly sözleri aýtdy. Ilçi hem-de onuň kärdeşleri şol goldawy we kömegi öz wajyp işlerinde hemişe ýakyndan duýdular. Diplomatyň belleýşi ýaly, täze taryhy eýýamy başdan geçirýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmek onuň üçin uly hormat boldy. Şol täze eýýam bolsa giň gerimli oňyn özgertmelere we durmuşyň ähli ugurlarynda gazanylýan uly üstünliklere beslenendir. Şunda jenap Hüseýin Awni Byçakly hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça soňky ýyllarda türkmen döwletinde ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň okgunly ösüş depgine eýe bolup durýandygyny belledi. Türkiýede doganlyk Türkmenistanyň üstünliklerine we gazananlaryna tüýs ýürekden guwanýarlar. Çünki türkmen we türk halklaryny gadymyýetden gözbaş alýan taryhy- medeni kökler we dostluk-doganlyk gatnaşyklary birleşdirýär.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Türkiýe bilen dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny belläp, häzir hil taýdan hem-de ähli ugurlar boýunça täze mazmuna eýe bolan türkmen-türk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanmak bilen belledi. Ýokary derejede yzygiderli geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklar we gepleşikler hem-de olaryň jemleri boýunça gazanylan möhüm ylalaşyklar munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär. Şol ylalaşyklar özara gatnaşyklaryň täze mümkinçiliklerini nazara almak bilen, döwletara hyzmatdaşlygynyň gerimini ep-esli giňeltdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti we türk diplomaty ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Şol hyzmatdaşlyk dürli pudaklarda amala aşyrylan we häzir durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalaryň onlarçasyny öz içine alýar. Biziň ýurtlarymyzyň arasynda soňky ýyllarda birnäçe gezek ýokarlanan haryt dolanyşygynyň yzygiderli artýan möçberleri özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň aýdyň görkezijisine öwrüldi diýlip bellenildi. Myhman Türkmenistanda işleýän türk kompaniýalarynyň ýurduň mundan beýläk-de ösüşini hem-de türkmen halkynyň abadançylygyny üpjün etjek ägirt uly özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygyna Türkiýede tüýs ýürekden buýsanýarlar diýip belledi.

Jenap Hüseýin Awni Byçaklynyň söhbetdeşligiň dowamynda belleýşi ýaly, häzir daşary ýurtly hyzmatdaşlar Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli geçirýän çuňňur oýlanyşykly, uzakdan görüjilikli syýasatynyň netijesi bolup durýan ýurduň dünýä ýüzündäki uly abraýy munuň şeýledigini tassyklaýar. Türkiýe Respublikasy türkmen Lideriniň sebitde we bütin dünýäde ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryny tutuşlygyna goldaýar diýip, diplomat belledi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen döwletiniň Baştutany döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge goşan uly goşandy üçin ilçä minnetdarlyk bildirdi we oňa geljekde hem jogapkärli işinde üstünlikler arzuw etdi.

Jenap Hüseýin Awni Byçakly öz işine berlen ýokary baha üçin çuňňur hoşallyk bildirip, Türkmenistan hem-de ajaýyp myhmansöer türkmen halky hakynda oňat duýgular hem-de ýakymly täsirler bilen gidýändigini beýan etdi. Myhmanyň belleýşi ýaly, ol öz tarapyndan geljekde hem iki döwletiň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine hemmetaraplaýyn ýardam eder, täze Galkynyş we beýik özgertmeler ýoly bilen öňe barýan Türkmenistanyň üstünliklerini wagyz eder. Türk diplomaty hoşlaşanda milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglygyny hem-de Watanymyzyň eşretli geljeginiň hatyrasyna alyp barýan köpugurly işlerinde uly üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk we rowaçlyk arzuw etdi. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

T.C. Aşkabat Büyükelçiliği Konsolosluk Şubesinin Işleyişinde Yapılan Düzenlemeler

Türkmen Okuwçylary Halkara Žautyk Olimpiadasynda Şowly Çykyş Etdiler

turkmenhabargullugy

Russiýadaky Çukur Barha Ulalýar

syrach