04.05.2024
SPORT

Sport barada maglumat.

Özbegistanyň paýtagty Daşkentde 5-nji iýunda badalga aljak sambo we söweş sambosy boýunça Aziýanyň çempionaty baradaky gürrüňden başlalyň. Ol ýerde öňdäki orunlar ugrunda ýaş aýratynlyklary boýunça ýetginjekler we ulular ýygyndy toparlary çykyş ederler, şeýle hem onda dünýä we Aziýa çempionatlarynda ýeňiji bolanlaryň arasynda aýratynlykda ýaryşlar geçiriler. Düzüminde türgenleriň 40-sy bolan Türkmenistanyň ýygyndy topary ýaryşlaryň ähli görnüşleri boýunça çykyş eder. 

Nusgawy we söweş sambosy boýunça türkmen türgenleriniň halkara derejesinde öňdäki orunlary eýeleýändigini ýatlatmak isleýäris. Türkmenistanlylaryň Merkezi Aziýanyň, Aziýa sebitiniň we dünýäniň çempionatlarynda alan ýüzlerçe medallary hem muňa şaýatlyk edýär. 

Şu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bina edilen Aşgabatdaky häzirki zaman sport toplumlarynda indi üçünji ýyl yzly-yzyna sambo boýunça Merkezi Aziýanyň birinjiliginiň geçirilýändigini ýatlamak ýerlikli bolsa gerek. Şeýle ýaryşlaryň 5-injisinde türkmen türgenleri altyn medallarynyň 18-sine, kümüş medallaryň 7-sine we bir sany bürünç medala mynasyp boldular. Bu bolsa biziň ýygyndy toparymyza birinji ýeri üpjün etdi. 

Şunuň bilen baglylykda, Daşkentde geçiriljek Aziýanyň çempionatynda hem türkmenistanly türgenleriň üstünlikli çykyş etjekdigine umyt baglap bileris. Biziň türgenlerimiz, şeýle hem “ýyldyzlaryň” arasynda aýratynlykda geçiriljek bäsleşiklerde hem üstünlikli çykyş ederler. Sebäbi Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde dünýä çempionatlarynda üstünlikli çykyş eden G.Babamyradowa, N.Surkiýewa, G.Haýtbaýewa (Londonda geçirilen 2012-nji ýylyň Olimpiadasyna gatnaşyjy), K.Allanurow, Ý.Nuryýew we beýlekiler ýaly türgenler çykyş edýärler. 

Öňde boljak sebit derejesindäki ýaryşlar türkmen türgenleriniň köp sanlysy üçin 29-njy iýun– 7-nji iýul aralygynda Koreýanyň Inçhon şäherinde geçiriljek ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlaryna we 6-16-njy iýul aralygynda Kazanda (Russiýa Federasiýasy) geçiriljek Bütindünýä uniwersiadasyna özboluşly taýýarlyk bolar. Şonuň üçin hem biziň türgenlerimize Daşkentde öz ýokary ussatlygyny görkezip, ýokarda agzalan halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmek üçin esas döretmelidirler. Nusgawy we söweş sambosy boýunça Aziýa çempionaty 11-nji iýuna çenli dowam eder. 

Häzirki wagtda ajaýyp Gökdere jülgesiniň gözel künjeklerindäki sport zallarynyň birinde türkmen türgenleriniň ýene bir topary Bütindünýä uniwersiadasyna taýýarlygyň çäklerinde okuw türgenleşiklerini geçýärler. Şol ýerde agyr atletikaçylar hem öz ussatlygyny artdyrýarlar. Olar erkekleriň arasynda geçiriljek Aziýa çempionatyna taýýarlyk görýärler. Ol 21-26-njy iýun aralygynda Gazagystanyň paýtagty Astanada geçiriler. 

Türkmenistanyň ýygynda toparynyň düzümine 7 türgen girdi. Olaryň biri 2000-nji ýyldan 2012-nji ýyllar aralygynda geçirilen ähli olimpiadalara gatnaşyjy, 69 kilograma çenli agramda çykyş etjek U.Bazarbaýewdir. Şol agram derejesinde çykyş edýän M.Sähetmyradow, S.Mirzoýew (56 kg çenli), Ş.Durdymämmedow (77 kg), D.Jumaýew (94 kg), D.Sapargeldiýew (94 kg) we K.Şermetow (63 kg çenli) ýaly türgenler Türkmenistanyň sport abraýyny gorarlar. 

6-7-nji iýunda Gökderede çagalar sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň arasynda bäsleşikler geçiriler. “Nesil” çagalar sagaldyş merkezinde şol günler “Biz Oguzhanyň mirasdarlary” ady bilen, “Altyn ýyldyz” çagalar sagaldyş merkezinde bolsa akyl-paýhas oýunlary—düzzüm, küşt we şaşka boýunça ýaryşlar geçiriler. 

7-nji iýunda Gökdepede kenarýaka woleýboly boýunça Ahal welaýatynyň birinjiligi geçiriler. Welaýatyň Ak bugdaý we Baharly etraplarynda 4-10-njy iýun aralygynda basketbol we kiçi futbol boýunça ýaryşlar guralar. 

Şeýle hem şu hepdede Aşgabatda, welaýat we etrap merkezlerinde kikboksing, boks, adaty karate, akyl-paýhas oýunlary, grek-rim göreşi, futbol, woleýbol we sportuň beýleki ençeme görnüşi boýunça bäsleşikler geçirilip, olara ýaş türkmen türgenleri gatnaşar.

Degişli makalalar

“Şir” Topary Hokkeý Boýunça Türkmenistanyň Birinjiliginiň Ýeňijisi Boldy

Ahal öňdebaryjynyň yzyndan ýetýär.

syrach

Olimpiýa Stadionynda V Aziýa Oýunlarynyň Açylyş Dabarasy Boldy