29.3 C
Aşkabat
20.04.2024
YKDYSADYÝET

Türkmenistan-Rumyniýa: hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýoly bilen

Maslahatyň çäklerinde Rumyniýanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara gatnaşyklary we ykdysady hyzmatdaşlyk institutynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň çözgüdine laýyklykda jenap Anton Karajeanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa «Ýylyň adamy» atly halkara derejesini bermek hakyndaky diplomy gowşurandygyny ýatlap geçmek gerek.

Mejlisde bolan duşuşygyň barşynda myhman Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem ykdysadyýet we durmuş ulgamynyň dürli pudaklarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän iri taslamalar we maksatnamalar bilen tanyşdyryldy. Milli parlamentiň işi we ýurdumyzda geçirilýän demokratiki özgertmeler babatda onuň orny söhbetdeşligiň aýratyn meselesi boldy.

Şu gün jenap Anton Karajea Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde hem-de Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde kabul edildi. Şonda netijeli türkmen-rumyn hyzmatdaşlygyny giňeltmäge degişli meselelere garaldy. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasynda soňky ýyllarda ýola goýlan gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp, uzak möhletli, özara peýdaly esasda guralýan döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Saparyň çäklerinde myhman Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 15 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerine gatnaşdy. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Bagtly Maşgala Karzy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garabogazdaky Karbamid Zawodynyň Gurluşygynyň Barşy Bilen Tanyşdy

Ýurdumyzyň Maliýe-Ykdysady Strategiýasynyň Möhüm Ugurlary

turkmenhabargullugy